Magtymgulynyň şygryýet dünýäsinde ata Watana bolan söýgi

20 Noýabr 2022
365

Aslynyň kimlerdendigini şahyryň özüniň aýdyp geçmegine görä Magtymgulynyň ýaşlyk, ýetginjek ýyllary Etrek, Gürgen derýasynyň boýunda Soňydag, Gyzylbaýyr sebitlerinde tebigatyň gözel ýerlerinde geçipdir. Şol döwürlerde Eýran hanlyklarynyň çozuşlarynyň häli-şindi gaýtalanyp durmaklygy sebäpli şahyryň nebereleri öz ildeşleri bilen bilelikde, ilki Soňydaga, soňra bolsa Garrygala taraplara göçmäge mejbur bolupdyrlar. Şeýle göçe-göçlükler soňam ýygy-ýygydan gaýtalanyp durupdyr. Astrabat hanlarynyň Soňydagyň üstüne bolan çozuşynda gökleňler dagyň depesindäki Gyzylbaýyr diýip atlandyrylaýan ýerlere göçüpdirler. Şonda Tersakaryň güzerinden geçjek bolanlarynda, şol döwür bahar aýlary bolansoň güýçli ýagyşyň ýagmagy zerarly Magtymgulynyň ähli goşlaryny sil alypdyr. Şol siliň alyp giden zatlarynyň arasynda şahyryň birnäçe eserleriniň golýazmalaram bar eken. Şonda Magtymgula ol eserleriň diňe bir ujypsyzja bölegini alyp galmak başardypdyr.

Magtymguly Pyragy başlangyç terbiýäni kakasy Döwletmämmet Azadydan alýar. Ol bu barada: "Ylym öwreden ussat-kyblam pederdir" - diýip ýazýar. Magtymguly ilki oba mekdebinde okaýar. Onuň ilkinji mugallymyna Nyýazsalyh diýer ekenler. Magtymguly örän zehinli we ýiti akylly bolupdyr. Ol dürli kitaplary çenden aşa köp we irginsiz okapdyr. Magtymguly ýaş wagty kakasyndan, ejesinden we obanyň garry adamlaryndan köp-köp halk rowaýatlary, goşgy-gazallary, erteki we nakyllary höwes bilen diňleýär eken. Ol kakasy Döwletmämmet Azadynyň döreden eserleriniň köpüsini ýatdan öwrenipdir.