Türkmen alabaýy - halkyň milli gymmatlygy

23 Noýabr 2022
337

Pederlerimizden miras galan gymmatlyklarymyzyň ýokary derejede sarpalanýan zamanasy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň döreýiş we ösüş taryhyny, özboluşly milli aýratynlyklaryny, terbiýeçilik we umumadamzat ähmiýetini öwrenmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän taryhy we medeni gymmatlyklarymyzyň naýbaşy nusgalaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşmak baradaky tagallalar dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Şolaryň hatarynda türkmeniň dünýä belli milli gymmatlyklarynyň biri hem alabaý itidir.

Türkmeniň alabaý iti adamzat döräli bäri halkyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup hyzmat edip gelipdir. Müňýyllyklaryň dowamynda çarwaçylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyz ymgyr Garagumuň sähralygynda goýun-geçi bakyp, olary köpeldip, ösdürip ýetişdirmek we ýyrtyjy haýwanlardan gorap saklamak üçin gaýduwsyz, wepaly, batyr, hüşgär, örän düşbi goýun itlerini-alabaýlary döredipdirler. Halkymyz bu ugurda ýüzýyllyklara daýanýan itleri seçip-saýlamak, köpeltmek we kämilleşdirmek babatynda baý tejribe toplapdyrlar. Alabaýlar goýun sürüsini goramakda we bakmakda çopan durmuşynyň möhüm zerurlygy bolupdyr. Türkmen alabaý itleriniň arassa tohumynyň saklanyp galmagynda hem çopanlara uly orun degişlidir. Çünki, çopanlaryň irginsiz zähmeti bilen çopanyň janyna deňeýän mallaryny bakmaga, goramaga gaýym, mert, wepaly, türkmen tebigatynyň yssy, sowuk şertlerine çydamly alabaýlar döredilipdir.