Tutawaçlar

25 Noýabr 2022
1292

Ir döwürlerden başlap gelin-gyzlar gündelik durmuşda tutawaçlary (tutaçlary) ulanypdyrlar. Ene-mamalarymyz täze we köne parçalardan tutawaçlaryň dürli görnüşlerini tikipdirler. Hatda keçe könelenden soň hem ony tutawaç tikmek üçin ulanypdyrlar.

Iki tutawajyň hersiniň bir burçuna 1 metr ýaly uly alaja ýüp çatylýar. Alaja ýüp bilen birikdirilen jübüt tutawaçlar ojagyň üstündäki uly gazanyň, kerseniň gulplaryndan tutmak üçin ulanylypdyr. Bu tutawaja «kersengöteren» diýer ekenler. Durmuşda hiç bir zady yrýa etmeýän ene-mamalarymyz has könelen keçelerden kesip, gazany, kerseni ýuwmak üçin sürtgüç hem tikipdirler.

Taýýarlan Ogulbaýram KULYÝEWA,
mirasgär.