Kalplaryň şamçyragy

25 Noýabr 2022
706

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýini ýurdumyzda hem halkara derejesinde ýokary guramaçylykly geçirmek üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň metbugat sahypalarynda akyldar şahyryň ömri we döredijiligine, dürdäne şygyrlaryna degişli täsirli makalalar, düýpli ylmy seljermeler, ussada bagyşlanyp döredilýän goşgulardyr hekaýalar çap edilip, teleradio gepleşikler yzygiderli halkymyza ýetirilýär. Döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Döwürdeş şahyrlaryň Magtymguly hakyndaky goşgular kitabyny, sowgatlyk neşirlerini çap edip, halka ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Magtymguly Pyragynyň ýubileý dabaralarynyň çäklerinde şahyryň türkmen hem-de dünýäniň onlarça döwletleriniň dillerinde neşir edilýän goşgular kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabaralaryny, halkara maslahatlaryny geçirmek boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär.

Akmyrat MUHADOW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň başlygy.