"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Zenanlaryň dialogy — hyzmatdaşlygyň netijeli ugry

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, eziz Diýarymyz giň halkara hyzmatdaşlygynda barha işjeň orna eýe bolýar. Dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulmak bilen Türkmenistan hukuk goraýjy ulgamda uly, maksada gönükdirilen işleri geçirip, dürli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär. Hukuk jemgyýetiniň ösen derejesini alamatlandyrýan esasy görkezijileriň biri bolup durýan gender meselesi, aýallaryň hukuklarynyň we bilim almak mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, olaryň ykdysady we durmuş ugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegi şol hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidir. 10-njy dekabrda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty munuň aýdyň beýanyna öwrüldi. Oňa sebitiň ýurtlarynyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Dialogyň şu ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini jemlediler. Geljekde dioalogy giňeltmegiň mümkinçilikleri, zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagy, özgertmeleri, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak babatyndaky meseleleri, geljek ýyl üçin iş meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda paýtagtymyzda geçirilen Merk

Döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammiti

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek taraplaryň üçüsi üçin-de örän möhüm bolup durýar. Syýasy giňişlikdäki bu ajaýyp üçlük diňe bir agza döwletleriň halklarynyň bähbidine däl, eýsem, dünýäniň ähli ýurtlary üçin juda oňyn täsiri boljak başlangyçlary, ynsanperwer işleri durmuşa geçirmegiň hatyrasyna öz tagallalaryny birleşdirendikleri bilen goldanylmaga mynasypdyr. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz 13-14-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, ýörite Karara gol çekdi. «Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe» formatyndaky üçtaraplaýyn sammite taýýarlyk işleriniň çäginde üç ýurduň daşary işler, ulag we energetika ministrleriniň duşuşyklarynyň aýratynlykda guralmagy, bu ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda gol çekiljek resminamalaryň üstünde hem degişli işleriň alnyp barylmagy bu foruma örän ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar.

Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň maslahaty geçirildi

10-njy dekabrda türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty geçirildi, oňa sebitiň ýurtlarynyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar bu guramanyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerini jemlediler, şeýle hem dialogy giňeltmegiň mümkinçiliklerini hem-de 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Dialogyň şu gezekki maslahatynyň Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygynyň öň ýanynda Aşgabatda geçirilýändigi buýsançly ýagdaýdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sardor Umurzakowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi hem-de hormatly Prezidentimizi şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady. Şeýle hem ol özbek Lideriniň hormatly Prezidentimize iberen Gutlagyny gowşurdy we özüniň ýakynda Türkmenistana bolan saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygy barada aýdanlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Özbegistan biziň ýurdumyz bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine möhüm ähmiýet berýär. Onuň esasynda iki doganlyk halkyň taryhy-medeni we ruhy umumylygy bar.

Köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň tejribesi, bilelikdäki taslamalar, geljekki mümkinçilikler

Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini ykrar edýän Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 27 ýyllygy bellenilýär. Döwletleriň arasynda dialogy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge, parahatçylyk dörediji başlangyçlary durmuşa geçirmäge, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, ýurtlardyr halklaryň arasyndaky jedelli meseleleri parahatçylykly ýollar arkaly çözmäge gönükdirilen Bitaraplyk syýasaty Türkmenistanyň häzirki zaman daşary syýasy ugrunyň binýadyna öwrüldi. 2017-nji ýyldan bäri dünýä jemgyýetçiligi 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde belleýär. Bu möhüm senäni bellemek bilen, biz bitaraplygyň özboluşly halkara hukuk instituty hökmünde durmuşa ukyplydygynyň şaýady bolduk. Pursatdan peýdalanyp, çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy, ýurduň Hökümetini hem-de ähli halkyny bu ajaýyp baýram mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Geçen gysga döwrüň dowamynda öz Bitaraplyk derejesine we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna eýerip, Türkmenistan ýokary netijeleri gazanmagy başardy. Şol gazanylanlar bolsa parahatçylyk döredijilik işini alyp barmakda, Merkezi Aziýada, şol sanda ählumumy derejede durnuklylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ýurduň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga mümkinçilik berdi.

Üçtaraplaýyn duşuşyk: hormat, ynam we dostluk

Halkara Bitaraplyk gününiň ýurdumyzy toý-baýrama beslän taryhy wakalary Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki işjeňliginiň, şonuň bilen baglylykda hem at-abraýynyň barha artýandygyny görkezdi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammiti bu wakalar bilen utgaşyp, dostlukly hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyry alamatlandyrar. Döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak, sebitde hem-de dünýäde durnuklylygy we ösüşi pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan daşary syýasatyň möhüm ugry bolup durýar. Asyrlaryň dowamynda emele gelen dost-doganlyk Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň gatnaşyklarynda ruhy daýanç sütüni bolup hyzmat edýär. Üç doganlyk halkyň umumy taryhy kökleri we gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurlary bar. Özara düşünişmek, ynam, berk dostluk üç halkyň belent gymmatlygyna öwrülip, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän netijeli we köpugurly hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat döretdi.

Oňyn hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berýän özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar we ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende galýar. Türkmenistan döwletimiz dünýä ýurtlary, şol sanda abraýly halkara guramalarydyr kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Muňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nobatdaky kabul edişlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. 9-njy dekabrda döwlet Baştutanymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýeti kabul etdi. Wekiliýetiň agzalary ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny we maýa goýum çekijiligini belläp, Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň aýratyn ornuny nygtadylar. Mundan başga-da, 10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýewi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlardaky ägirt uly mümkinçilikler nazara alnyp, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Parlamentarizmiň mümkinçilikleri giňeldilýär

9-njy dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýowyň hem-de Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň «Fransiýa — Merkezi Aziýa» parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreýiň duşuşyklary geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen bolan duşuşygynda myhmanyň belleýşi ýaly, Russiýada ykdysady ösüş babatda ýokary görkezijileri gazanýan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýär hem-de köpýyllyk döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, söhbetdeşler iki dostlukly halkyň köpasyrlyk taryhy, ruhy we medeni umumylygynyň kuwwatly binýadynda guralýan türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Gatnaşyklaryň geljekki ugurlary kesgitlenildi

10-njy dekabrda türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty geçirildi, oňa sebitiň ýurtlarynyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar bu guramanyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerini jemlediler, şeýle hem dialogy giňeltmegiň mümkinçiliklerini hem-de 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

«Huseýn Jawid» ýük gämisi Azerbaýjandan Türkmenistana ýüzüşe ugradyldy

Degişli bejeriş işleri tamamlanyp, gämi barlaglaryndan üstünlikli geçirilen «Huseýn Jawid» ýük gämisi gaýtadan işe girizildi hem-de Türkmenistana tarap ýüzüşe ugradyldy. Azerbaýjan Respublikasynyň deňiz ulaglary flotuna degişli bolan ýük gämisiniň hereketlendirijilerini, mehanizmlerini abatlamak işleriniň «Zyh» gämi abatlaýyş kärhanasynda geçirilendigi barada ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär. Ýük gämisinde gurnama, radionawigasiýa we kebşirlemek işleri geçirildi. Onuň suwasty we ýerüsti bölekleri abraziw gum bilen doly arassalanyp boýaldy, şunuň bilen birlikde hem ýaşaýyş we hyzmat ediş otaglary döwrebap ülňülerine kybap derejede gurnaldy.

Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň maslahaty geçirildi

Aşgabat, 10-njy dekabr (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty geçirildi, oňa sebitiň ýurtlarynyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar bu guramanyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerini jemlediler, şeýle hem dialogy giňeltmegiň mümkinçiliklerini hem-de 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan, BMG-niň goldaw bermeginde 2020-nji ýylyň dekabr aýynda döredilen zenanlaryň dialogy Merkezi Aziýada şeýle görnüşdäki ilkinji düzümdir. Şu ýyl Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna başlyklyk edýär. Biziň ýurdumyz bu guramanyň çäklerinde halkara guramalar hem-de oňa gatnaşyjy ýurtlar bilen dürli ulgamlarda — gender deňligini, parahatçylykly we durnukly ösüşi, daşky gurşawy goramagy üpjün etmekde, zenanlar telekeçiligini goldamakda, kanunçykaryjylyk derejesinde hem-de döwlet syýasaty derejesinde zenanlaryň durmuş goraglylygyny kämilleşdirmekde üstünlikli hyzmatdaşlyk saklaýar.

“Dialog — parahatçylygyň kepili” — halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat geçirildi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry biziň halkymyz üçin diňe bir ähmiýetli sene bolman, eýsem, ol, hakykatdan-da, ykbal çözüji pursada öwrüldi we Garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhynyň okgunly ösüşiniň ýol görkezijisine öwrüldi. Şeýlelikde, ýurdumyz BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet boldy. Häzirki döwürde hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan ýörelgeleriň baş maksady ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakdan, ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar we hyzmatdaşlar bilen hoşniýetli erke daýanýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekden, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Bu ýörelge Garaşsyz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň özenini düzýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmegi, birnäçe Kararnamalary kabul etmegi, şol sanda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy”, “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny”, şeýle hem Türkmenistanyň başla

Öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgeleri esasynda sebit hyzmatdaşlygy giňeldilýär

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki her ýylda geçirilýän duşuşyk boldy. Çäräni döredilen senesine 15 ýyl bolan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi gurady. Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekiliniň, BMG-niň Owganystana goldaw bermek boýunça missiýasynyň orunbasary Markus Potsel dagy gatnaşdy. Netijeli geçen duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleri bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň arasyndaky sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi sebitde howpsuzlygy, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynda ähmiýetlidir. Şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň we BMG-niň Owganystana goldaw bermek boýunça missiýasynyň işjeň gatnaşmagynda taraplaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilme

Bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler forumy

Aşgabat, 10-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen baglanyşykly meseleler boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary” ady bilen, bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler maslahaty geçirildi. Forumy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň goldaw bermeginde gurady. Merkezi Aziýanyň bilermenler forumynyň bäşinji maslahaty ýurtlary mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmagyň we özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň çäklerinde geçirildi. Onuň baş maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňdebaryjy bilermenleriniň sebitleýin hyzmatdaşlygy üpjün etmekde möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaklaryny, sebitiň döwletleriniň hökümetleri üçin ylalaşykly ugurlar boýunça umumy wajyp çemeleşmeleri, anyk teklipleridir başlangyçlary işläp taýýarlamaklaryny gazanmakdan ybarat boldy. Bu gezekki duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň strategik barlag institutlarynyň ýolbaşçylary, bilermenleri, diplomatik wekilhanalaryň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Daşary işler ministrliginiň

Türkmen wekiliýeti GDA-nyň döredijilik forumyna gatnaşýar

Şu gün Özbegistanyň Daşkent şäherindäki «Hyatt Regency Tashkent» myhmanhanasynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XV forumy öz işine başlady. Arkalaşygyň giňişliginde ýylyň iň esasy ynsanperwer ugurly çäresi hasaplanýan bu foruma Türkmenistandan hem medeniýet, sungat, ylym, bilim ulgamlaryna wekilçilik edýän agzalardan ybarat bolan wekiliýet gatnaşýar. Şu ýyl on bäşinji gezek geçirilýän döredijilik forumyna Ermenistandan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Russiýadan görnükli jemgyýetçilik hem-de sungat işgärleriniň, alymlaryň, medeniýet edaralarynyň, ylym we bilim merkezleriniň ýolbaşçylarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 200-den gowragyny bir meýdança jemledi. Munuň özi dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmekde, özara tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, döredijilik we ylmy ugurlarda gazanylan üstünlikler bilen birek-biregi tanyşdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Aşgabat, 10-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýewi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak ýaly häzirki zamanyň wajyp meselelerine bagyşlanylan “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunda döwletara gatnaşyklary kadalaşdyrmak meselesinde Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigi bellenildi. Ýurdumyzyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary munuň aýdyň beýanydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi we özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 27 ýyllyk baýramçylygy bilen gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň “Polimeks Inşaat Taahhüt we Sanaýi Tijaret A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi. Türkiýeli işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan beýik işlere buýsanýandygyny aýtdy.

Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň maslahaty geçirildi

Aşgabat, 10-njy dekabr (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty geçirildi, oňa sebitiň ýurtlarynyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar bu guramanyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerini jemlediler, şeýle hem dialogy giňeltmegiň mümkinçiliklerini hem-de 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan, BMG-niň goldaw bermeginde 2020-nji ýylyň dekabr aýynda döredilen zenanlaryň dialogy Merkezi Aziýada şeýle görnüşdäki ilkinji düzümdir. Şu ýyl Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna başlyklyk edýär. Biziň ýurdumyz bu guramanyň çäklerinde halkara guramalar hem-de oňa gatnaşyjy ýurtlar bilen dürli ulgamlarda — gender deňligini, parahatçylykly we durnukly ösüşi, daşky gurşawy goramagy üpjün etmekde, zenanlar telekeçiligini goldamakda, kanunçykaryjylyk derejesinde hem-de döwlet syýasaty derejesinde zenanlaryň durmuş goraglylygyny kämilleşdirmekde üstünlikli hyzmatdaşlyk saklaýar.

“Dialog — parahatçylygyň kepili” — halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat geçirildi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry biziň halkymyz üçin diňe bir ähmiýetli sene bolman, eýsem, ol, hakykatdan-da, ykbal çözüji pursada öwrüldi we Garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhynyň okgunly ösüşiniň ýol görkezijisine öwrüldi. Şeýlelikde, ýurdumyz BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet boldy. Häzirki döwürde hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan ýörelgeleriň baş maksady ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakdan, ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar we hyzmatdaşlar bilen hoşniýetli erke daýanýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekden, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Bu ýörelge Garaşsyz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň özenini düzýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmegi, birnäçe Kararnamalary kabul etmegi, şol sanda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy”, “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny”, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy