“Dialog — parahatçylygyň kepili” — halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy

12 Dekabr 2022
516

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat geçirildi.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry biziň halkymyz üçin diňe bir ähmiýetli sene bolman, eýsem, ol, hakykatdan-da, ykbal çözüji pursada öwrüldi we Garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhynyň okgunly ösüşiniň ýol görkezijisine öwrüldi. Şeýlelikde, ýurdumyz BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet boldy. Häzirki döwürde hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan ýörelgeleriň baş maksady ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmakdan, ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar we hyzmatdaşlar bilen hoşniýetli erke daýanýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekden, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Bu ýörelge Garaşsyz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň özenini düzýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmegi, birnäçe Kararnamalary kabul etmegi, şol sanda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy”, “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny”, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň giň goldawa eýe bolýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň döwrüň talaplaryndan ugur alýan köp sanly başlangyçlary, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak diplomatiýasyny işjeňleşdirmek boýunça öňe sürýän teklipleri köptaraply gatnaşyklary parahatçylykly we diplomatik ýol bilen ösdürmek boýunça umumy tagallalara goşýan ägirt uly goşandydyr.