Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň maslahaty geçirildi

12 Dekabr 2022
326

Aşgabat, 10-njy dekabr (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty geçirildi, oňa sebitiň ýurtlarynyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar bu guramanyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerini jemlediler, şeýle hem dialogy giňeltmegiň mümkinçiliklerini hem-de 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan, BMG-niň goldaw bermeginde 2020-nji ýylyň dekabr aýynda döredilen zenanlaryň dialogy Merkezi Aziýada şeýle görnüşdäki ilkinji düzümdir. Şu ýyl Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna başlyklyk edýär. Biziň ýurdumyz bu guramanyň çäklerinde halkara guramalar hem-de oňa gatnaşyjy ýurtlar bilen dürli ulgamlarda — gender deňligini, parahatçylykly we durnukly ösüşi, daşky gurşawy goramagy üpjün etmekde, zenanlar telekeçiligini goldamakda, kanunçykaryjylyk derejesinde hem-de döwlet syýasaty derejesinde zenanlaryň durmuş goraglylygyny kämilleşdirmekde üstünlikli hyzmatdaşlyk saklaýar.