Parlamentarizmiň mümkinçilikleri giňeldilýär

12 Dekabr 2022
336

9-njy dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýowyň hem-de Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň «Fransiýa — Merkezi Aziýa» parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreýiň duşuşyklary geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen bolan duşuşygynda myhmanyň belleýşi ýaly, Russiýada ykdysady ösüş babatda ýokary görkezijileri gazanýan Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýär hem-de köpýyllyk döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, söhbetdeşler iki dostlukly halkyň köpasyrlyk taryhy, ruhy we medeni umumylygynyň kuwwatly binýadynda guralýan türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

"Nesil".