Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

13 Dekabr 2022
952

Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sardor Umurzakowy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi hem-de hormatly Prezidentimizi şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady. Şeýle hem ol özbek Lideriniň hormatly Prezidentimize iberen Gutlagyny gowşurdy we özüniň ýakynda Türkmenistana bolan saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygy barada aýdanlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Özbegistan biziň ýurdumyz bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine möhüm ähmiýet berýär. Onuň esasynda iki doganlyk halkyň taryhy-medeni we ruhy umumylygy bar.