Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň maslahaty geçirildi

13 Dekabr 2022
400

10-njy dekabrda türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty geçirildi, oňa sebitiň ýurtlarynyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar bu guramanyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerini jemlediler, şeýle hem dialogy giňeltmegiň mümkinçiliklerini hem-de 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Dialogyň şu gezekki maslahatynyň Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygynyň öň ýanynda Aşgabatda geçirilýändigi buýsançly ýagdaýdyr.

Türkmen gündogary.