Bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler forumy

12 Dekabr 2022
462

Aşgabat, 10-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen baglanyşykly meseleler boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary” ady bilen, bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler maslahaty geçirildi. Forumy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň goldaw bermeginde gurady.

Merkezi Aziýanyň bilermenler forumynyň bäşinji maslahaty ýurtlary mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmagyň we özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň çäklerinde geçirildi. Onuň baş maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňdebaryjy bilermenleriniň sebitleýin hyzmatdaşlygy üpjün etmekde möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaklaryny, sebitiň döwletleriniň hökümetleri üçin ylalaşykly ugurlar boýunça umumy wajyp çemeleşmeleri, anyk teklipleridir başlangyçlary işläp taýýarlamaklaryny gazanmakdan ybarat boldy. Bu gezekki duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň strategik barlag institutlarynyň ýolbaşçylary, bilermenleri, diplomatik wekilhanalaryň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary, talyplary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň maksatnamasy “BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyny ýerine ýetirmegiň çäginde Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyk, Aral deňziniň basseýni boýunça suw hyzmatdaşlygy”, “Merkezi Aziýa sebitinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri” we “Maglumat-kommunikasiýalar ulgamynda howpsuzlygy üpjün etmegiň meseleleri” mowzuklary boýunça üç sessiýany öz içine aldy.