Oňyn hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

12 Dekabr 2022
444

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berýän özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar we ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende galýar. Türkmenistan döwletimiz dünýä ýurtlary, şol sanda abraýly halkara guramalarydyr kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Muňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nobatdaky kabul edişlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.

9-njy dekabrda döwlet Baştutanymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri Sultan Al Jaberiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýeti kabul etdi. Wekiliýetiň agzalary ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny we maýa goýum çekijiligini belläp, Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň aýratyn ornuny nygtadylar. Mundan başga-da, 10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýewi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlardaky ägirt uly mümkinçilikler nazara alnyp, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

"Nesil".