Döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammiti

13 Dekabr 2022
360

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek taraplaryň üçüsi üçin-de örän möhüm bolup durýar. Syýasy giňişlikdäki bu ajaýyp üçlük diňe bir agza döwletleriň halklarynyň bähbidine däl, eýsem, dünýäniň ähli ýurtlary üçin juda oňyn täsiri boljak başlangyçlary, ynsanperwer işleri durmuşa geçirmegiň hatyrasyna öz tagallalaryny birleşdirendikleri bilen goldanylmaga mynasypdyr. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz 13-14-nji dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, ýörite Karara gol çekdi.

«Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe» formatyndaky üçtaraplaýyn sammite taýýarlyk işleriniň çäginde üç ýurduň daşary işler, ulag we energetika ministrleriniň duşuşyklarynyň aýratynlykda guralmagy, bu ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda gol çekiljek resminamalaryň üstünde hem degişli işleriň alnyp barylmagy bu foruma örän ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar.

«Türkmen dünýäsi».