Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

12 Dekabr 2022
769

Aşgabat, 10-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýewi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak ýaly häzirki zamanyň wajyp meselelerine bagyşlanylan “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunda döwletara gatnaşyklary kadalaşdyrmak meselesinde Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigi bellenildi. Ýurdumyzyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary munuň aýdyň beýanydyr.