Üçtaraplaýyn duşuşyk: hormat, ynam we dostluk

13 Dekabr 2022
342

Halkara Bitaraplyk gününiň ýurdumyzy toý-baýrama beslän taryhy wakalary Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki işjeňliginiň, şonuň bilen baglylykda hem at-abraýynyň barha artýandygyny görkezdi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammiti bu wakalar bilen utgaşyp, dostlukly hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyry alamatlandyrar.

Döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak, sebitde hem-de dünýäde durnuklylygy we ösüşi pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan daşary syýasatyň möhüm ugry bolup durýar. Asyrlaryň dowamynda emele gelen dost-doganlyk Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň gatnaşyklarynda ruhy daýanç sütüni bolup hyzmat edýär. Üç doganlyk halkyň umumy taryhy kökleri we gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurlary bar. Özara düşünişmek, ynam, berk dostluk üç halkyň belent gymmatlygyna öwrülip, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän netijeli we köpugurly hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat döretdi.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».