Türkmenistanyň Prezidenti “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

12 Dekabr 2022
687

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň “Polimeks Inşaat Taahhüt we Sanaýi Tijaret A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi.

Türkiýeli işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan beýik işlere buýsanýandygyny aýtdy.