Zenanlaryň dialogy — hyzmatdaşlygyň netijeli ugry

13 Dekabr 2022
484

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, eziz Diýarymyz giň halkara hyzmatdaşlygynda barha işjeň orna eýe bolýar. Dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulmak bilen Türkmenistan hukuk goraýjy ulgamda uly, maksada gönükdirilen işleri geçirip, dürli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär. Hukuk jemgyýetiniň ösen derejesini alamatlandyrýan esasy görkezijileriň biri bolup durýan gender meselesi, aýallaryň hukuklarynyň we bilim almak mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, olaryň ykdysady we durmuş ugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegi şol hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidir. 10-njy dekabrda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty munuň aýdyň beýanyna öwrüldi. Oňa sebitiň ýurtlarynyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Dialogyň şu ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini jemlediler. Geljekde dioalogy giňeltmegiň mümkinçilikleri, zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagy, özgertmeleri, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak babatyndaky meseleleri, geljek ýyl üçin iş meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň şu gezekki ýyllyk jemleýji maslahaty bu umumy işiň binýadynda parahatçylyk we dialog medeniýetini ilerletmek, ýurtlaryň hyzmatdaşlygyna, durnukly ösüşe ýardam bermek ýaly maksatlaryň durýandygyny ýene bir gezek ýaýbaňlandyrdy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy ýurdumyzyň dialoga başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen çäreler barada giňişleýin maglumat berdi. Türkmenistanyň 2022-nji ýylda dialoga başlyklyk etmeginde ýerine ýetiren işlerine ýokary baha berilmegi buýsandyryjy üstünlikdir. BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň dialogyň ählumumy derejede özüniň ukybyny, gender deňeçerligi boýunça möhüm wezipeleriň çözgüdinde ähmiýetlidigini görkezendigini bellemegi guwandyryjydyr.

Bägül ATAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.