"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar! 2023-nji ýyl maý aýy

1. Hamal (Guzy 21.03 — 20.04) Maý aýynda hamallar pikirlerini durmuşa geçirip bilerler. Hamal zenanlary bu aýda öňde goýan maksatlarynyň köpüsine aňsatlyk bilen ýeterler. Jogapkärçiligi boýnuňyza almakdan we töwekgelçilik etmekden ýaýdanmaň. Serişdä gezek galanda, bu aýda tygşytlylygy saklamak maslahat berilýär. Ýakynlaryňyz bilen wagtyňyzy hoş geçirmek, olar bilen häli-şindi görşüp durmak töweregiňizdäki oňaýsyz zatlardan daşda durmaga ýardam eder. Siziň özüňizi alyp barşyňyz köplere ýarar. Şonuň üçinem bu aýda hamallardan göwün edenler az bolar.

Tebigatymyz milli gymmatlygymyzdyr

Ylmy-tehniki ösüşiň pajarlaýan zamanasynda adamzadyň tebigata ýetirýän täsirleri çürt-kesik artdy. Şu sebäpli adamlaryň tebigat bilen özara gatnaşygyny sazlamak zerurlygy duýlup başlandy. Ýurdumyzyň tokaý seýilgählerinde, daglarynda, öri-sähra meýdanlarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini üpjün etmek şu günki gün esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şu wezipeden  we howanyň gyzgynlygynyň  artýandygyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tokaý seýilgählerinde, daglarda, öri-sähra meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça aşakdakylary ýatladýar. Tokaý seýilgählerinde, daglarda, öri-sähra meýdanlarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda jogapkär ýolbaşçylar tarapyndan ýangyn howpsuzlygynyň gaýragoýulmasyz çäreleri barada gözükdiriş gürrüňdeşlikleri geçirilmeli. Berkidilen çäklerde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini beýan ediji diwarlyklar, ilkinji ýangyn söndüriji enjamlary bilen üpjün edilen ýangyn germewleri oturdylmaly. Ösüp oturan baglaryň arasyndaky guran haşal otlary arassalap, hatar aralarynda sürüm işlerini geçirip, ýangyn howpsuzlyk zolagyny döretmeli. Ýangyn howpy döremezligi üçin uly baglaryň howa arkaly geçirilen elektrik geçirijilerine degýän şahalaryny kesip aýyrmaly.

Baglar — zeminiň görki

Häzirki wagtda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da gözelleşdirmek, daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak ugrundaky aladalara uly üns berilýär. «Zeminiň görki — bag» diýen halk pähimine öwrülen dürdäne sözlerden çen tutsaň, munuň şeýledigine göz ýetirmek mümkin. Magtymguly atamyz: «Dünýäde müň tanap baglaryň bolsa» diýip arzuw eden bolsa, şahyr Gara Seýitliýew: «Kimde kim bir agaç ekse ýadygär, dünýäň kitabynda onuň ady bar» diýen gyzyla gaplaýmaly hakykaty biziň günlerimize miras galdyrypdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde bag ekmek eziz Diýarymyzda däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylda  bag ekmek  hakynda gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýyl welaýatymyz boýunça agaç nahallarynyň 300 müň düýbüni, şol sanda 200 müň düýbüni ýaz paslynda, 100 müň düýbüni bolsa güýz aýlarynda ekmek bellenildi.

Ömrümiziň örki — tebigat

Bagy-bossan Diýarym Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda öňe sürýän başlangyçlary, teklipleri diňe bir öz sebitimiz üçin däl, eýsem, dünýä ýurtlary üçin hem ähmiýetli bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ekologiýa ulgamyny ösdürmek, daşky gurşawy aýawly gorap saklamak boýunça ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Derde derman bolan howanyň arassalygyny mundan beýläk-de gorap saklamakda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde zerur işler üstünlikli alnyp barylýar, köpçülikleýin bag ekmek dabaralary geçirilýär.

Owa­dan gül­ler — owa­dan dün­ýä

Parasatly kişileriň şeýle bir sypaty bolýar: olar özlerine berlen mümkinçilikleri dolulygyna durmuşa geçirmäge ymtylýarlar, heniz edilmedik işleriň edilen işlerden köpdügine göz ýetirendikleri üçin wagtdan netijeli peýdalanmaga çalyşýarlar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bedenterbiýe kafedrasynyň uly mugallymy, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Sapar Rejebow hem şeýle adamlaryň hilinden. Ol Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky sargytlaryny ýerine ýetirmäge yhlas bilen ýapyşýar. Bagbançylyk onuň elli ýyla golaý wagt bäri meşgullanyp gelýän mugallymçylyk kesbinden daşary iň bir lezzetli güýmenjesi. Ony köpden bäri tanaýanlar bu güýmenjäni onuň işinden pes tutmaýandygyny aýdýarlar. Bag ýetişdirmek, olara ideg etmek onuň kalbyndan syzylyp çykýan yhlasyna ýugrulypdyr. Toprak-ekin bilen iş salşyşyny göreniňde, bu sypatyň oňa dogabitdi ornandygyna göz ýetirýärsiň. Köplenç onuň daragt ekip ýörendigine ýa-da timarlap durandygyna duş gelersiň welin, baga bolan yhlas-söýgüsini onuň sazlaşykly hereketlerinde görüp, haýran galyp synlarsyň. Institutyň talyplarynyň sport klubynyň deňinden geçýän ýoluň ugrunda gyzyl-elwan reň berip oturan gülli meýdanyň deňinden geçenler henizem bu sözleriň bärden gaýdýandygyna düşünerler. Bark urup, hoşboý ysyny seçip oturan gyzyl-elwan güller daş-töweregine diňe bir

Şekillerde jana gelýär gözellik

Daş-töweregimizi gurşap alýan tebigat bilen ynsan durmuşynyň arasynda sazlaşyk bar. Ynsan ogly tebigatdan ylhamlanyp, çeper döredijilige ýüzlenýär. Duýgularyny egismek bilen şol sazlaşyga goşant goşýar. Sungata sarpa, gözellige teşnelik bolsa, bizi biri-birimize ýakynlaşdyrýar. Şeýle gözelligi döredýän ildeşlerimiziň biri hem Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Oral Temirowdyr. Ol Türkmen döwlet medeniýet institutyny üstünlikli tamamlap, Köýtendag etrabynyň medeniýet bölüminde işe başlaýar. Dogduk mekanynyň gözelliklerine bolan çuňňur söýgüsi ony kiçiliginden çeper döredijilige höweslendirýär. Bu söýgi soňabaka onuň ykbalyny sungat bilen baglamagyna sebäp bolýar. Mydama gözelligiň gözleginde gezýän suratkeş ösümlikleriň guran köklerini ýygnap, taraşlap, sünnäläp, dürli şekilleri ýasaýar. Onuň agaçlary ýonup, döredýän özboluşly sungat eserleri-de köpleriň göwnüni awlaýar. Oral Temirow öz döredijiligi arkaly adamlarda tebigata söýgi döredýär, onuň täsin gözelliklerini gorap saklamagy ündeýär. Onuň döredijiligi öz muşdaklaryny tebigatyň gujagyna seýrana alyp gidýär. Oral aganyň aýtmagyna görä, käbir heýkeltaraşlar guran ot-çöplerde tebigat gözelliklerine degişli bir keşbi görýär we ony taraşlaýar. Şeýle görnüşde döredilen eserlere tokaý tapyndylary diýilýär.

Abadançylygyň gözbaşy

Ylmy-tehniki ösüşiň pajarlaýan zamanasynda adamzadyň tebigata ýetirýän täsirleri has-da artyp, giň möçbere eýe boldy. Şu sebäpli adamlaryň tebigat bilen özara gatnaşygyny sazlamak zerurlygy ýiti duýulýar. Ýurdumyzyň tebigatynda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini üpjün etmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tebigatyň gözel ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek barada öz maslahatlaryny ýatladýar. Tokaýlarda, seýilgäh zolaklarda, daglarda, öri-sähra meýdanlarda zähmet çekýän işgärleriň arasynda jogapkär ýolbaşçylar tarapyndan ýangyn howpsuzlyk kadalary barada gürrüňdeşlikler geçirip, berkidilen çäklerde ýangyn howpsuzlyk kadalaryny beýan edýän diwarlyklar, ilkinji ýangyn söndüriş enjamlary bilen üpjün edilen ýangyn germewleri oturdylmaly. Ösüp duran baglaryň arasyndaky guran haşal otlary arassalap, hatar hem zolak aralarynda sürüm işlerini geçirip, ýangyn howpsuzlyk zolagyny döretmeli. Uly baglaryň şahalarynyňdyr pürleriniň howa arkaly geçirilen elektrik tok geçirijileri bilen galtaşýan ýerlerinde ýangyn howpy döremezligi üçin şahalaryny kesip aýyrmaly. Çäklerde işledilýän tehnikalaryň tüsseçykarlaryny uçgun söndüriş enjamy bilen üpjün edip, tehniki ýagdaýynyň gurat bolmagyny gözegçilikde saklamaly.

Täsin Garagum sährasy – ajaýyplygyň mekany

Türkmen halkynyň asyrlarboýy ýaşaýyş-durmuşynyň dünýäde iň uly çölleriň biri bolan Garagum sährasy bilen baglanyşykly bolandygy hemmelere mälimdir. Parasatly pederlerimiz Garagum sährasynyň özboluşly tebigaty bilen iş salşyp gelipdirler. Olar akaba suwa zar bolan bu ümmülmez sähranyň içinde ýagyş suwundan bag-bakja ekinlerini, hatda miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmegiň hötdesinden gelipdirler. Olar dermanlyk ösümliklerden giňden peýdalanypdyrlar, bulanyk kak suwlaryny durlamagyň, şor, duzly suwly guýularyň suwuny süýji suwa öwürmegiň usullaryny tapypdyrlar. Mukaddes türkmen topragy täsin tebigy gözellikleri bilen dünýäniň alymlarynyň hem jahankeşdeleriniň ünsüni hemişe özüne çekýär. Ol ilkinji nobatda täsin tebigatly ajaýyp Garagum sährasy, onuň özboluşly ösümlik dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi türkmen tebigatyny, şol sanda Garagum sährasynyň hem iňňän täsin we ajaýyp tebigy gözelligini gorap saklamak, bu ümmülmez sähranyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak hem-de geljekki nesillere miras goýmak meselesine ägirt uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda giň möçberli il-ýurt bähbitli işler durmuşa geçirilýär.

Höwür-höwür kömelek...

Tebigatyň ynsana beren iň naýbaşy nygmatlarynyň biri hem kömelekdir. Dünýäniň köp ýerlerinde bu nygmata bolan isleg uly. Ylaýta-da, bahar aýlarynda kömelekleriň onlarça görnüşi azyk harytlary bazarlarynyň tekjesini bezeýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, kömelekler iýilýän we iýilmeýän – zäherli kömeleklere bölünýärler. Iýilýän kömelekleriň arasynda ululygy, agramy boýunça dünýäniň iň uly, äpet kömelegi adyny alanlary hem bar.

Biler bolsaňyz!

Sebet agajy Ýer ýüzünde, tebigatda adamzadyň döreden täsinlikleri sanardan köpdür. Şolaryň biri hem «Sebet agajydyr». Bu agajyň awtory gelip çykyşy şwed bolan amerikan fermeri Aksel Erlandsondyr. Ol işinden daşary janly agaçlardan şekilleri ýasamak bilen meşgullanypdyr. Aksel 1947-nji ýylda «Bu ýerde dünýäniň iň üýtgeşik agaçlaryny görmek bolýar» diýen şygar bilen mahabatlandyrylan, «Agaçlaryň seýilgähi» diýlip atlandyrylan ajaýyp bagçylyk seýilgähini açypdyr. Aksel Erlandsonyň «Sebet agajy» we beýleki ajaýyp nusgalary ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Gilroý şäherindäki «Gilroý baglary» seýilgähinde ýerleşýär.

Tokaý seýilgähleriniň adama edýän täsiri öwrenildi

Tokaýlyklara ýa-da şäher ýerlerinde seýilgählere ýakyn ýaşaýan adamlaryň ruhy taýdan durnukly we sagdyn aň-düşünjeli bolýandygyny Beýik Britaniýanyň ekolog alymlary tassykladylar. Ylaýta-da, tokaýlarda gezelenç etmegiň çagalaryň psihiki saglygyna gowy täsir edýändigi ýüze çykaryldy. Häzirki wagtda dünýäde ilatyň 55 göterimi şäherde, industrial senagatyň ösen ýerlerinde ýaşaýar. Londonyň alymlarynyň sowalnama arkaly 9 ýaşdan 15 ýaş aralygyndaky çagalaryň we ýetginjekleriň 3568-siniň gatnaşmagynda geçiren ylmy barlaglarynyň netijeleri tebigatyň gözel ýerlerine gezelenç etmegiň, tokaýda, bag seýilgählerinde dynç almagyň çagalaryň sagdyn ösmegine, olaryň özüni alyp baryşlaryna hem-de işjeňliligine oňyn täsirini ýetirýändigini görkezdi.

Çigildem — baharyň nyşany

Çigildem güli baharyň gözel nyşany, türkmen dag-sährasynyň täsin baýlygydyr. Düýbi sogan görnüşli, owadan gyzyl gülli meýdan oty bolan çigildemleriň asyl watany Orta Aziýadyr. Bu gül ýurdumyzda Köpetdagyň we Köýtendagyň dag eteklerindäki belentliklerde gabat gelýär. Olar ilki salkyn howanyň, käýerlerde gar gatlagynyň uzagrak saklanýan ýerleri bolan daglaryň aşaky gatlagynda, soňra orta bilinde gülleýär. Çigildemiň soganpisint düýbi ýazda topraga aralaşýar, onuň boýy gyşda topraga ýygnanýan ygalyň möçberine baglydyr. Çigildem tohumlarynyň tebigy daşky gurşaw şertlerinde toprakda gögermegi üçin azyndan bir gyş ýerde ýatmaly bolýar. Gyşy geçiren çigildem tohumy ýazda 0-dan +10 derejä çenli ösýär. Ilkinji hepdelerde gijeki aýazlar olara zyýan bermeýär, diňe ösüşine päsgelçilik berýär. Käte fewralda, köplenç mart aýynda Merkezi Köpetdagda çylgymly ýaýbaň ýaşyl ýapraklar, soňam ösüp ugran baldaklarda çigildem gülleri peýda bolýar. Miheliň çigildeminiň gülýapraklary gülüň düýbünden goýy-melewşe tegmil bolup açylyp ugraýar. Wilsonyň gyzyl, Buzäniň goýy-sary çigildemi gar eränden beýlekilerden öň gögerip, owadanlygy bilen göreni haýrana galdyrýar.

Hasyllylygy ýokarlandyrýan biokömür

«7/24. tm», № 16 (151), 17.04.2023. Týumen döwlet uniwersitetiniň (Russiýa) alymlary topragyň häsiýetini gowulandyrmagyň we hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň täze usulyny öwrendiler. Munuň üçin olar organiki galyndylardan alnan biokömri ulanmagy teklip etdiler.

Bagban bagyndan belli

Örküni ýere baglap, toprakdan rysgyny tapan daýhanlar ýa-da bagbanlar ýaşaýşy zähmetden üzňe göz öňüne getirip bilmeýärler. Indi nijeme ýyl bäri bag nahallaryny ösdürip ýetişdirmekde yhlasyny gaýgyrman zähmet çekip gelýän Gyzylarbat etrabynyň ýaşaýjysy Altymyrat Işangulyýew hem şeýle işjanly adamlaryň biri. Pygamber ýaşyna ser uran bu ýaşuly çärýek asyra golaý wagt bäri bag nahallaryny ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek bilen meşgullanyp gelýär. — Bag adama, bagban mugallyma çalymdaş. Men durmuşda hemişe şu ýörelgeden ugur alýaryn. Şonuň üçin-de ýaşajyk nahaldan daragt ýetişdirmegi çagalarda zähmet terbiýesini kemala getirmek bilen hem utgaşykly alyp gitmäge çalyşýaryn. Bu ýerde zähmet mekdebini geçip, uly adam bolup gidenler az däl — diýip, Altymyrat Işangulyýew buýsanç bilen gürrüň berdi.

Garagum — gyzylly hum

Ähli babatda — geologiki, taryhy, etnografiki ýa-da tebigy dünýäniň baýlygy babatda hem Garagum sährasy bütindünýä ähmiýetli gymmatlyklaryň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Çünki bu sährada hemişe ýaşaýyş gaýnap joşýar. Türkmen halkynyň egsilmez baýlygyny goýnunda saklap oturan Garagum tutýan meýdany boýunça diňe Türkmenistanda däl, eýsem, Ýer şarynyň hem iň uly çägeli sähralyklarynyň biri bolup durýar. Garagum sährasy geografik taýdan ägirt uly Turan pesliginiň günorta böleginde ýerleşýär.

Ösümlikler ses çykarýan eken

Asyl görlüp oturylsa, ösümlikler hem adamlaryň gulagy eşitmez derejedäki sesleri çykarýan eken. Bu sesler olardan suwsuz ýa-da dartgynly wagtynda çykýar. Geçirilen täze gözleg işleri barada «The Cell» žurnalynda çap edildi. Çap edilen makalada gözlegiň netijesine görä, botanikler ösümlikleriň «sessiz» däldigini ýüze çykardylar. Tejribeler barlaghanada ösümliklerde we güllerde 6 ýyldan gowrak wagt dowam etdi. Synag ilkibaşda kaktus gülünde ultrases mikrofony ulanylyp geçirildi. Ösümlikleriň yrgyldy döredýändigi öňem mälimdi, ýöne munuň howada ýaýran ses tolkunlaryna öwrülmegine hiç hili subutnama ýokdy.

Aýgül atly gül goraga alyndy

Gyrgyzystanyň «Aýgül-Too» goraghanasyndaky seýrek duş gelýän «Aýgül» atly güli goramak üçin bu goraghanany üç ýyl möhlet bilen ýapmak kararyna geldiler. Goraghana ýurduň Batken welaýatynda ýerleşýär. Ol indi 2023-nji ýylyň 1-nji aprelinden 2026-njy ýylyň 1-nji apreline çenli ýapylar. Sebäbi aýgül gülleri ýitip barýan ösümlik görnüşlerine degişli edildi we Gyzyl kitaba girizildi.

Güllän sakura — ýapon ykdysadyýetine goşant

Ýaponiýada sakura agaçlarynyň gülleýiş möwsümi koronawirus bilen bagly çäklendirmeleriň ýatyrylmagy bilen baglylykda, jahankeşdeleriň köp sanlysyny bu ýere syýahatçylyga çeker. Ýurduň «Kansai University» edarasynyň bilermenleriniň pikirine görä, bu döwürde Ýaponiýada syýahatçylykdan geljek girdejiniň möçberleri 616 milliard iýene, ýagny 4,7 milliard amerikan dollaryna ýetip biler.

Towşana dogduk depe

Biziň ýurdumyzyň haýwanat dünýäsinde towşan giňden ýaýran görnüş. Tebigatyň bu täsin jandary barada türkmen halk döredijiliginde, şol sanda ertekilerde, rowaýatlarda, nakyllarda, sanawaçlarda hem aýdylýar. «Towşana dogduk depe» diýmek bilen, Watanyňdan, dogup-dörän obaňdan eziz mekanyň ýokdugyny belleýärler. Şeýle hem bu jandaryň özboluşly owadanlygyna üns bermek bilen, gadymdan gyz çagalara hem Towşan, Çebşek ýaly atlary goýupdyrlar. Towşanyň gysgajyk akja guýrugyny bolsa owadanlyk üçin biziň enelerimiz çagalaryň eşiklerine, sallançaklaryna dakýarlar. Gadymy döwürlerden bäri towşan eti adamlaryň esasy iýmitleriniň biri bolupdyr. Onuň derisini hem dürli zerurlyklar üçin peýdalanypdyrlar. Emma tebigatda towşanlaryň sanynyň durnukly saklanmagynyň aladasyny edipdirler. Köpelýän wagty olaryň awlanmazlygyny ündäpdirler. Bu jandaryň ady bilen baglylykda, tebigy meýdanlarda «Towşanly depe», «Towşanly gyr» diýilýän ýerler hem bar. Şeýlelikde, bu maglumatlaryň özi hem olaryň gadymdan ýaýran ojaklaryndan habar berýär. Hatda ösümlikleriň arasynda «towşan arpasy», «towşanoty», «towşandodak», «towşan kelemi» diýlip onuň ady bilen atlandyrylanlary hem bar. Towşanlar Türkmenistanyň ähli ýerlerinde, ýagny Garagum sährasynda, derýaýaka toraňňylyk jülgelerde, daglyk we dagetek ýerlerde gabat gelýär. Bu jandar ýurdumyzyň düzlüklerinden başlap, beýik daglyk ýerlerinde, Köpetdagyň deňiz derejesin

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10... +15 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +23... +28 gradus maýyl bolar.