Tebigatymyz milli gymmatlygymyzdyr

20 Aprel 2023
405

Ylmy-tehniki ösüşiň pajarlaýan zamanasynda adamzadyň tebigata ýetirýän täsirleri çürt-kesik artdy. Şu sebäpli adamlaryň tebigat bilen özara gatnaşygyny sazlamak zerurlygy duýlup başlandy. Ýurdumyzyň tokaý seýilgählerinde, daglarynda, öri-sähra meýdanlarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini üpjün etmek şu günki gün esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şu wezipeden  we howanyň gyzgynlygynyň  artýandygyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tokaý seýilgählerinde, daglarda, öri-sähra meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça aşakdakylary ýatladýar.

Tokaý seýilgählerinde, daglarda, öri-sähra meýdanlarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda jogapkär ýolbaşçylar tarapyndan ýangyn howpsuzlygynyň gaýragoýulmasyz çäreleri barada gözükdiriş gürrüňdeşlikleri geçirilmeli. Berkidilen çäklerde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini beýan ediji diwarlyklar, ilkinji ýangyn söndüriji enjamlary bilen üpjün edilen ýangyn germewleri oturdylmaly. Ösüp oturan baglaryň arasyndaky guran haşal otlary arassalap, hatar aralarynda sürüm işlerini geçirip, ýangyn howpsuzlyk zolagyny döretmeli. Ýangyn howpy döremezligi üçin uly baglaryň howa arkaly geçirilen elektrik geçirijilerine degýän şahalaryny kesip aýyrmaly.

Garýagdy HOJAMUHAMMEDOW,
Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory.