Owa­dan gül­ler — owa­dan dün­ýä

19 Aprel 2023
566

Parasatly kişileriň şeýle bir sypaty bolýar: olar özlerine berlen mümkinçilikleri dolulygyna durmuşa geçirmäge ymtylýarlar, heniz edilmedik işleriň edilen işlerden köpdügine göz ýetirendikleri üçin wagtdan netijeli peýdalanmaga çalyşýarlar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bedenterbiýe kafedrasynyň uly mugallymy, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Sapar Rejebow hem şeýle adamlaryň hilinden. Ol Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky sargytlaryny ýerine ýetirmäge yhlas bilen ýapyşýar. Bagbançylyk onuň elli ýyla golaý wagt bäri meşgullanyp gelýän mugallymçylyk kesbinden daşary iň bir lezzetli güýmenjesi. Ony köpden bäri tanaýanlar bu güýmenjäni onuň işinden pes tutmaýandygyny aýdýarlar. Bag ýetişdirmek, olara ideg etmek onuň kalbyndan syzylyp çykýan yhlasyna ýugrulypdyr. Toprak-ekin bilen iş salşyşyny göreniňde, bu sypatyň oňa dogabitdi ornandygyna göz ýetirýärsiň. Köplenç onuň daragt ekip ýörendigine ýa-da timarlap durandygyna duş gelersiň welin, baga bolan yhlas-söýgüsini onuň sazlaşykly hereketlerinde görüp, haýran galyp synlarsyň.

Institutyň talyplarynyň sport klubynyň deňinden geçýän ýoluň ugrunda gyzyl-elwan reň berip oturan gülli meýdanyň deňinden geçenler henizem bu sözleriň bärden gaýdýandygyna düşünerler. Bark urup, hoşboý ysyny seçip oturan gyzyl-elwan güller daş-töweregine diňe bir şatlyk paýlaman, eýsem, şeýle bir owadan görnüş hem berip dur.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
žurnalist.