Täsin Garagum sährasy – ajaýyplygyň mekany

19 Aprel 2023
410

Türkmen halkynyň asyrlarboýy ýaşaýyş-durmuşynyň dünýäde iň uly çölleriň biri bolan Garagum sährasy bilen baglanyşykly bolandygy hemmelere mälimdir. Parasatly pederlerimiz Garagum sährasynyň özboluşly tebigaty bilen iş salşyp gelipdirler. Olar akaba suwa zar bolan bu ümmülmez sähranyň içinde ýagyş suwundan bag-bakja ekinlerini, hatda miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmegiň hötdesinden gelipdirler. Olar dermanlyk ösümliklerden giňden peýdalanypdyrlar, bulanyk kak suwlaryny durlamagyň, şor, duzly suwly guýularyň suwuny süýji suwa öwürmegiň usullaryny tapypdyrlar.

Mukaddes türkmen topragy täsin tebigy gözellikleri bilen dünýäniň alymlarynyň hem jahankeşdeleriniň ünsüni hemişe özüne çekýär. Ol ilkinji nobatda täsin tebigatly ajaýyp Garagum sährasy, onuň özboluşly ösümlik dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi türkmen tebigatyny, şol sanda Garagum sährasynyň hem iňňän täsin we ajaýyp tebigy gözelligini gorap saklamak, bu ümmülmez sähranyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak hem-de geljekki nesillere miras goýmak meselesine ägirt uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda giň möçberli il-ýurt bähbitli işler durmuşa geçirilýär.