Baglar — zeminiň görki

19 Aprel 2023
583

Häzirki wagtda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da gözelleşdirmek, daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak ugrundaky aladalara uly üns berilýär. «Zeminiň görki — bag» diýen halk pähimine öwrülen dürdäne sözlerden çen tutsaň, munuň şeýledigine göz ýetirmek mümkin. Magtymguly atamyz: «Dünýäde müň tanap baglaryň bolsa» diýip arzuw eden bolsa, şahyr Gara Seýitliýew: «Kimde kim bir agaç ekse ýadygär, dünýäň kitabynda onuň ady bar» diýen gyzyla gaplaýmaly hakykaty biziň günlerimize miras galdyrypdyrlar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde bag ekmek eziz Diýarymyzda däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylda  bag ekmek  hakynda gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýyl welaýatymyz boýunça agaç nahallarynyň 300 müň düýbüni, şol sanda 200 müň düýbüni ýaz paslynda, 100 müň düýbüni bolsa güýz aýlarynda ekmek bellenildi.

Gülruh HALJANOWA,
Agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy.