Abadançylygyň gözbaşy

19 Aprel 2023
355

Ylmy-tehniki ösüşiň pajarlaýan zamanasynda adamzadyň tebigata ýetirýän täsirleri has-da artyp, giň möçbere eýe boldy. Şu sebäpli adamlaryň tebigat bilen özara gatnaşygyny sazlamak zerurlygy ýiti duýulýar. Ýurdumyzyň tebigatynda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini üpjün etmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tebigatyň gözel ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek barada öz maslahatlaryny ýatladýar.

Tokaýlarda, seýilgäh zolaklarda, daglarda, öri-sähra meýdanlarda zähmet çekýän işgärleriň arasynda jogapkär ýolbaşçylar tarapyndan ýangyn howpsuzlyk kadalary barada gürrüňdeşlikler geçirip, berkidilen çäklerde ýangyn howpsuzlyk kadalaryny beýan edýän diwarlyklar, ilkinji ýangyn söndüriş enjamlary bilen üpjün edilen ýangyn germewleri oturdylmaly. Ösüp duran baglaryň arasyndaky guran haşal otlary arassalap, hatar hem zolak aralarynda sürüm işlerini geçirip, ýangyn howpsuzlyk zolagyny döretmeli. Uly baglaryň şahalarynyňdyr pürleriniň howa arkaly geçirilen elektrik tok geçirijileri bilen galtaşýan ýerlerinde ýangyn howpy döremezligi üçin şahalaryny kesip aýyrmaly. Çäklerde işledilýän tehnikalaryň tüsseçykarlaryny uçgun söndüriş enjamy bilen üpjün edip, tehniki ýagdaýynyň gurat bolmagyny gözegçilikde saklamaly.

Ýazmuhammet AKMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň bölüm müdiri.