Towşana dogduk depe

11 Aprel 2023
627

Biziň ýurdumyzyň haýwanat dünýäsinde towşan giňden ýaýran görnüş. Tebigatyň bu täsin jandary barada türkmen halk döredijiliginde, şol sanda ertekilerde, rowaýatlarda, nakyllarda, sanawaçlarda hem aýdylýar. «Towşana dogduk depe» diýmek bilen, Watanyňdan, dogup-dörän obaňdan eziz mekanyň ýokdugyny belleýärler. Şeýle hem bu jandaryň özboluşly owadanlygyna üns bermek bilen, gadymdan gyz çagalara hem Towşan, Çebşek ýaly atlary goýupdyrlar. Towşanyň gysgajyk akja guýrugyny bolsa owadanlyk üçin biziň enelerimiz çagalaryň eşiklerine, sallançaklaryna dakýarlar. Gadymy döwürlerden bäri towşan eti adamlaryň esasy iýmitleriniň biri bolupdyr. Onuň derisini hem dürli zerurlyklar üçin peýdalanypdyrlar. Emma tebigatda towşanlaryň sanynyň durnukly saklanmagynyň aladasyny edipdirler. Köpelýän wagty olaryň awlanmazlygyny ündäpdirler. Bu jandaryň ady bilen baglylykda, tebigy meýdanlarda «Towşanly depe», «Towşanly gyr» diýilýän ýerler hem bar. Şeýlelikde, bu maglumatlaryň özi hem olaryň gadymdan ýaýran ojaklaryndan habar berýär. Hatda ösümlikleriň arasynda «towşan arpasy», «towşanoty», «towşandodak», «towşan kelemi» diýlip onuň ady bilen atlandyrylanlary hem bar.

Towşanlar Türkmenistanyň ähli ýerlerinde, ýagny Garagum sährasynda, derýaýaka toraňňylyk jülgelerde, daglyk we dagetek ýerlerde gabat gelýär. Bu jandar ýurdumyzyň düzlüklerinden başlap, beýik daglyk ýerlerinde, Köpetdagyň deňiz derejesinden 2500 metr we ondan hem ýokary belentliklerinde, Köýtendagyň deňiz derejesinden 3000 metr belentliklerinde hem duş gelýär. Garagum sährasynda we daglyk ýerlerde gabat gelýän towşanlaryň daşky görnüşlerinde tapawut hem bar. Towşanyň ähli landşaftlarda ýaýramagyna we ýaşamagyna ösümlik örtügi uly täsirini ýetirýär. Olar oturymly we ýekebara ýaşaýan jandardyr. Ýöne ösümlikleriň guramagy bilen, olar uzak bolmadyk aralyklara göçýärler. Olaryň ýaşaýan ýerleri agaçlaryň, gyrymsy agaçlaryň aşagynda, gür ösen jeňňelliklerde, köplenç, sazaklyk meýdanlarda hem-de arçalyklaryň aralarynda duş gelýär. Bu jandaryň işjeňligi tomus aýlary Gün batanyndan 2 sagat geçenden soňra başlaýar. Gün dogýança iýmitlenýärler, gündizlerine dynç alýarlar. Gyş aýlary gündizlerine iýmit gözlegine günüň ikinji ýarymynda hem çykýarlar. Towşanlar dürli otjumak we gyrymsy ösümlikler bilen iýmitlenýärler. Garagum sährasynda olaryň ösümlikleriň 72-den gowrak görnüşi bilen iýmitlenýändigi anyklanyldy. Garagumda tomus aýlary otjumak ösümlikler guranda, olar aklaň çägeliklerde ösýän selin, aşygoty, astragal, humarjyk ýaly ösümlikler bilen iýmitlenýärler. Olar ýazyna suw içmeýärler, suwsuzlygyny ter otlary iýip gandyrýarlar. Howanyň amatsyz ýyllary towşanlaryň ýaş nesilleriniň sany ikiden az däldir, ene towşanlaryň ýanynda, köplenç, üç sany çebşejik gabat gelýär. Öz neslini ýyrtyjy haýwanlardan goramak üçin ene towşan uzak aralyklarda saklanýar we diňe iýmitlendirmek üçin gelýär. Çebşejikler doglan wagtyndan 10 günden soňra ösümlikleriň terje ýapraklaryny çeýnäp başlaýar, 3 hepdeden soňra bolsa aýratyn iýmitlenip başlaýarlar. Tebigatda olaryň esasy duşmanlary geçigaplaň, garagulak, möjek, şagal, tilki, ýabany pişikler, ýyrtyjy guşlar.

Aknabat POTAÝEWA,
«Köpetdag» döwlet tebigy goraghanasynyň bölüm başlygy.