Biler bolsaňyz!

18 Aprel 2023
332

Sebet agajy

Ýer ýüzünde, tebigatda adamzadyň döreden täsinlikleri sanardan köpdür. Şolaryň biri hem «Sebet agajydyr». Bu agajyň awtory gelip çykyşy şwed bolan amerikan fermeri Aksel Erlandsondyr. Ol işinden daşary janly agaçlardan şekilleri ýasamak bilen meşgullanypdyr. Aksel 1947-nji ýylda «Bu ýerde dünýäniň iň üýtgeşik agaçlaryny görmek bolýar» diýen şygar bilen mahabatlandyrylan, «Agaçlaryň seýilgähi» diýlip atlandyrylan ajaýyp bagçylyk seýilgähini açypdyr. Aksel Erlandsonyň «Sebet agajy» we beýleki ajaýyp nusgalary ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Gilroý şäherindäki «Gilroý baglary» seýilgähinde ýerleşýär.

Berkeli ATAÝEW,
Mary welaýatynyň Murgap etrap häkimliginiň baş hünärmeni.