Çigildem — baharyň nyşany

18 Aprel 2023
436

Çigildem güli baharyň gözel nyşany, türkmen dag-sährasynyň täsin baýlygydyr. Düýbi sogan görnüşli, owadan gyzyl gülli meýdan oty bolan çigildemleriň asyl watany Orta Aziýadyr. Bu gül ýurdumyzda Köpetdagyň we Köýtendagyň dag eteklerindäki belentliklerde gabat gelýär. Olar ilki salkyn howanyň, käýerlerde gar gatlagynyň uzagrak saklanýan ýerleri bolan daglaryň aşaky gatlagynda, soňra orta bilinde gülleýär. Çigildemiň soganpisint düýbi ýazda topraga aralaşýar, onuň boýy gyşda topraga ýygnanýan ygalyň möçberine baglydyr. Çigildem tohumlarynyň tebigy daşky gurşaw şertlerinde toprakda gögermegi üçin azyndan bir gyş ýerde ýatmaly bolýar. Gyşy geçiren çigildem tohumy ýazda 0-dan +10 derejä çenli ösýär. Ilkinji hepdelerde gijeki aýazlar olara zyýan bermeýär, diňe ösüşine päsgelçilik berýär.

Käte fewralda, köplenç mart aýynda Merkezi Köpetdagda çylgymly ýaýbaň ýaşyl ýapraklar, soňam ösüp ugran baldaklarda çigildem gülleri peýda bolýar. Miheliň çigildeminiň gülýapraklary gülüň düýbünden goýy-melewşe tegmil bolup açylyp ugraýar. Wilsonyň gyzyl, Buzäniň goýy-sary çigildemi gar eränden beýlekilerden öň gögerip, owadanlygy bilen göreni haýrana galdyrýar.

Serdar SEÝIDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.