Bagban bagyndan belli

15 Aprel 2023
344

Örküni ýere baglap, toprakdan rysgyny tapan daýhanlar ýa-da bagbanlar ýaşaýşy zähmetden üzňe göz öňüne getirip bilmeýärler. Indi nijeme ýyl bäri bag nahallaryny ösdürip ýetişdirmekde yhlasyny gaýgyrman zähmet çekip gelýän Gyzylarbat etrabynyň ýaşaýjysy Altymyrat Işangulyýew hem şeýle işjanly adamlaryň biri. Pygamber ýaşyna ser uran bu ýaşuly çärýek asyra golaý wagt bäri bag nahallaryny ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek bilen meşgullanyp gelýär.

— Bag adama, bagban mugallyma çalymdaş. Men durmuşda hemişe şu ýörelgeden ugur alýaryn. Şonuň üçin-de ýaşajyk nahaldan daragt ýetişdirmegi çagalarda zähmet terbiýesini kemala getirmek bilen hem utgaşykly alyp gitmäge çalyşýaryn. Bu ýerde zähmet mekdebini geçip, uly adam bolup gidenler az däl — diýip, Altymyrat Işangulyýew buýsanç bilen gürrüň berdi.

Süleýman HANGELDIÝEW.
«Türkmenistan».