Aýgül atly gül goraga alyndy

11 Aprel 2023
426

Gyrgyzystanyň «Aýgül-Too» goraghanasyndaky seýrek duş gelýän «Aýgül» atly güli goramak üçin bu goraghanany üç ýyl möhlet bilen ýapmak kararyna geldiler.

Goraghana ýurduň Batken welaýatynda ýerleşýär. Ol indi 2023-nji ýylyň 1-nji aprelinden 2026-njy ýylyň 1-nji apreline çenli ýapylar. Sebäbi aýgül gülleri ýitip barýan ösümlik görnüşlerine degişli edildi we Gyzyl kitaba girizildi.

Kakaly MÄMMETORAZOW,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň esasy hünärmeni.