Ömrümiziň örki — tebigat

19 Aprel 2023
384

Bagy-bossan Diýarym

Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda öňe sürýän başlangyçlary, teklipleri diňe bir öz sebitimiz üçin däl, eýsem, dünýä ýurtlary üçin hem ähmiýetli bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ekologiýa ulgamyny ösdürmek, daşky gurşawy aýawly gorap saklamak boýunça ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Derde derman bolan howanyň arassalygyny mundan beýläk-de gorap saklamakda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde zerur işler üstünlikli alnyp barylýar, köpçülikleýin bag ekmek dabaralary geçirilýär.

Maýagözel BÄŞIMOWA,
Saýat etrap Sakar şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.