"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Ynsanyň ganatly dostlary

Adamzat hem tebigat biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gözellik çeşmesi, ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanýan tebigat müňýyllyklaryň dowamynda öz baýlyklaryny adamzada eçilip gelýär. Tebigat bu ummasyz genji-hazynadyr. Onda her zadyň öz orny, öz gerek ýeri bar. Guşlaryň tebigy gözelligi, gelşikliligi, şirin owazy, ýelekleri we beýleki sypatlary adamlary hemişe gyzyklandyryp gelipdir. Türkmenistanda guşlaryň ýaşaýşy dürli-dürlüdir. Olar oturymly, gonup-uçup geçýän, gelip höwürtgeleýän, gyşlaýan we beýleki guşlardyr. «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasynyň guşlar dünýäsi hem baý we köpdürlüdir. Bu ýerde guşlaryň 258 görnüşi ýaşaýar. Olaryň umumy sanynyň üçden birine golaýy oturymlydyr ýa-da höwürtgeleýänlerdir. Takmynan, üçden ikisi bolsa geçip gidýän ýa-da gyşlamaga gelýän guşlardyr. Ýurdumyza sowuk howanyň aralaşmagy bilen, Bathyzda gyşlaýan guşlaryň 10-dan gowrak görnüşi peýda bolýar. Biz bu ýerde müňläp gelýän ekinçi garga ýa-da uly garga ýaly gargalaryň birnäçe görnüşine, ýyrtyjylardan bolsa maslykçy garaguş, sähra garaguşy, kiçi guşlardan garapetekeli jokjoky, üşegenje ýaly ganatlylara duşýarys. Guşlaryň köpgörnüşliligine görä, olaryň käbirleri oturymly ýaşaýyş keşbini alyp barýarlar, käbirleri höwürtgeleýärler, beýlekileri bolsa bu ýerde diňe geçip barýarkalar düşleýärler ýa-da gyşlamaga gelýärler.

Bathyz pissesi

Ata Watanymyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Bathyzda dürli görnüşli agaçlar ösýär. Olaryň arasynda bu ýerdäki pisse agaçlarynyň özboluşly, has aýratyn täsir galdyrýandygyny aýdýarlar. Sebäbi daşyndan seredeniňde edil el bilen ekilen ýaly bolup, biri-birine galtaşman ösüşi bu agaçlary diýseň salyhatly, gözel görkezýär. Boýy 5 — 7 metre ýetýän Bathyz pisseleriniň başga-da üýtgeşik taraplary az däl. Ýagny onuň kökleriniň gaty berk ýaýrandygy üçin töwereginde bir ýyllyk otlardan başga hiç bir agaç düýp tutup bilmeýär. Özem bu agaçlaryň 1000 ýyla çenli ýaşaýandyklary barada maglumat bar.

Ösümlikleriň täsin dünýäsi

Seýle çyksaň bu daglara

Göwünleri joşdurýan bahar paslynda Köýtendagyň ajaýyp tebigaty ýatdan çykmaýan täsirleri galdyrýar. Biz maşgalamyz bilen bu ýere gelenimizde, dag gerişlerine, ýaşyl begrese beslenip ýatan ýapgyt-ýapgyt belentliklere, ýapylaryň ýüzünde otlaşyp ýören dowarlara, egrem-bugram bolup, dagyň çür başyna çykýan inçejik ýodalara ser saldyk. Iki gyrasy sümme tokaýlyk bolup duran dar jülgäni, gögümtil görünýän daglary, olaryň kem-kemden howa garylyp, asman bilen utgaşyp gidýän gerişlerini, dury we arassa asmany, onuň ýüzündäki akja bulutlary synladyk. Asmandaky ak bulutlar lemmer-lemmer bolşup durdular. Gün şöhlesi ýapylaryň ýaşyl gerişlerini gyzdyryp, süňňüne mähir siňdirýärdi, reňkine-reňk goşýardy. Birdenem şemal ak bulutlary allaowarralara kowalap ugrady. Ýagşyň ysy gelip, al-asmandan gaýdan damjalar edil maýdagöz elekden geçýän ýaly ownujakdan sepeläp ugrady.

Tebigat ynsanyň öýüdir

Adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy daşymyzy gurşap alan tebigatyň ýagdaýyna, onuň bilen sazlaşykly gatnaşyklaryna, tebigy baýlyklary tygşytly we rejeli peýdalanyşyna baglydyr. Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler tebigatdaky deňagramlylygy saklamaga mümkinçilik berýän sazlaşykly gatnaşyklary tapmaga gönükdirilendir. Daş-töweregimizdäki gurşawy we tebigaty gorap saklamak hem-de tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmak Diýarymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şuňa laýyklykda, ýurdumyzda we halkara derejesinde ekologiýanyň goralmagyna hem-de durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň baş maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekdir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir raýatyň arassa daşky gurşawda ýaşamaga bolan hukugynyň kepillendirilmegi bilen birlikde, ýurdumyzyň tebigy serişdelerini rejeli ulanmaga hem-de daşky gurşawy goramaga her bir raýatyň borçludygy bellenilýär. Şeýle hem, Baş Kanunda her bir adamyň tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludygy aýratyn bellenilýär. Şuňa laýyklykda Garaşsyz ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garap, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we köp öwüşginli görnüşini gorap saklamak boýunça degerli çäreler durmuşa geçirilýär.

Guşlaryň «öýi» (Täsin tebigat)

Bahar paslynyň dowam edýän günlerinde baglarda ýa üçeklerde guşlaryň guran täsin höwürtgelerine häli-şindi duş gelýäris. Üns beren bolsaňyz, ähli höwürtgeler birmeňzeş däldir, olaryň her biri guşlaryň ýaşaýyş-durmuşyna görä ýasalandyr. Mysal üçin, deňiz guşlary ýyrtyjy penjelerden goranmak üçin belent ýerlerde höwürtgeleýärler. Höwürtgeler guşlaryň ýumurtgalarynyň we nesilleriniň howpsuzlygyny üpjün edýän täsin mekandyr. Olar her bir guşuň ýaşaýşy we durmuşy üçin aýratyn ähmiýete eýe. Höwürtgäni emele getirýän çig mal her bir guş üçin ähmiýetlidir. Tebigatda duş gelýän guşlaryň bir görnüşi höwürtgelerindäki ownuk bölekleri birleşdirmek üçin möý ýüplüklerini ulanýar. Haýran galdyrýan zatlaryň biri, iýmit hökmünde ulanylýan höwürtgeleriň hem barlygydyr.

Täsinlikden doly tebigat (Oýlanma)

«Gyşyň güni kyrk tüýsli...» diýýärler. Özüm-ä baharyňam günleri barada şony aýdardym. Ýöne olara «gylyksyz» diýmäge welin, dilim baranok. Sebäbi günde telim tüýsli özgeräýsin, baharyň her bolşy meniň kalbyma ýakyn. Onsoňam bahardaky özgerişlik diňe bir daş-töweregimde bolup geçenok ahyryn. Ýaz ýagşynyň astynda süllümbaý bolup, sowukdan galdyramaga derek, keýpihon halda aýdyma hiňlenip ýörşümi baharyň özünden başga hiç bir zada meňzedip biljek däl. Baharyň kalbyma salýan howsalaly duýgulary ýyllaryň geçmegi bilen özgeribem barýan ýaly. Olar gitdigiçe agraslanyp, nähilidir bir özbaşdak mana eýe bolup barýan ýaly. Men bu zatlary özümden oýlap tapyb-a aýdamok. Ol özgerişlik, edil, ýaşlygyň bizden alyslaşýanyny boýnumyza alasymyzyň gelmeýşi ýaly, her näçe islemesegem, wagtal-wagtal özüniň bardygyny bildirýär durýar.

Ene ýeriň güni

Ýer güni her ýyl baharda dünýäniň köp ýurdunda adamlaryň ünsüni tebigatyň goragyna çekmek maksady bilen baýram edilýär. Ol Demirgazyk ýarym şarda baharyň, Günorta ýarym şarda bolsa güýzüň başlanýan gününde — 21-22-nji martda bellenilýär. Ilkinji gezek bu çäre 1970-nji ýylda ABŞ-da geçirilýär. Yzygiderli gurnalyp ugralan çäräni dünýä ýüzüniň adamlary haýran galaýmaly tizlikde alyp göterýärler. Şonuň üçinem bu halkara çäre barada: «Zeminiň güni öz-özüni döretdi» diýilýär.

Ýemşen

Ýemşen ýurdumyzyň dag eteklerinde ösýän agaçlaryň biridir. Ol oňat hasyl getirýär. Miwesi süýji bolansoň onuň hyrydary hemişe ýetik. Ýemşen sözi grekçe «berk» diýen manyny berýär. Bu agaç örän berk hem-de uzak ýaşamaga ukyply, onuň 300 ýyldan hem köp ýaşaýandygy bellidir. Ýemşeniň boýy 4 metr çemesi bolýar, käte oňa uzyn gyrymsy agaç görnüşinde-de gabat gelinýär. Ol alma görnüşli agaçlaryň maşgalasyna degişli bolup, ösegenligi bilen tapawutlanýar. Olara derýa boýlarynda, jaryň gyralarynda, şäher eteklerinde-de duş gelinýär. Ýapragy pişme pisint, hatarma-hatar, özi-de uçlujadyr, iki tarapy-da tüýjümekdir. Gülleri o diýen uly däl, ak reňkli, gürden ýaýbaň güllegen bolýar. Bu agaç maý aýynda gülleýär. Ýemşeniň miwesi gyp-gyzyl reňkde bolup, diýseň süýji tagamlydyr.

Zäherli ýylanlardan ägä boluň!

Bahar pasly tebigaty görküne getirýär. Sähra-çöllerimiz, dag-derelerimiz, deňiz-derýalarymyz gözel keşbe eýe bolýar. Şu ajaýyp günlerde tebigata gezelenje çykmak, onuň gözelliginden lezzet almak adamyň ruhuny göterip, ylham-şatlyk eçilýär. Tebigata seýle çykylanda, zäherli ýylanlardan ägä bolmagy ünsden düşürmeli däldir. Maglumatlara görä, Ýer ýüzünde ýylanlaryň 2500 görnüşi duş gelip, olaryň 410-sy zäherli ýylanlara degişlidir. Ýurdumyzda bolsa ýylanlaryň 28 görnüşi bolup, şolaryň 4-si, ýagny kepjebaş, göklors, alahöwren hem-de galkanburun zäherli ýylanlardyr. Olar özleriniň daşky görnüşleri, şol sanda reňk aýratynlyklary, häsiýetleri, uzynlygy, ýogynlygy, agram derejeleri, zäherleriniň täsiri babatda biri-birinden tapawutlanýarlar. Zäherli ýylanlar bilen zähersiz ýylanlaryň esasy tapawutlary barada aýdylanda, onda zäherli ýylanlar çakanda, iki sany kese nokat yz galýandygyny, zähersiz ýylanlar çakanda bolsa, dört kese nokadyň galýandygyny nygtasa bolar. Ýeri gelende aýtsak, halk lukmançylygynda hem giňden peýdalanylan ýylan zäheri häzirki zaman lukmançylygynda hem arzyly serişdeleriň biri bolmagynda galýar. Sebäbi ýylan zäheri dürli derman serişdeleri hem-de melhemler ýasalanda peýdalanylýar.

Gapgotan gowagy

Köýtendagyň tebigy ýadygärlikleriniň we täsin ýerleriniň biri Gapgotan gowagydyr. Köýtendagda şular ýaly karst gowaklarynyň 60-a golaýy bar. Bilşimiz ýaly, dünýä ýüzünde karst gowaklary speleoturizm (gowaklara ekologik syýahat) üçin üstünlikli peýdalanylýar. Köýtendagda adamlaryň baryp görmekleri üçin has oňaýlysy Gapgotan gowagydyr. Ol Aralyk atly gowak bilen birleşip, umumy uzynlygy 56 kilometr bolan gowaklar ulgamyny döredýär. Gowagyň häzirki ýagdaýy syýahatçylyk gatnawyny guramak üçin ykdysady tarapdan has oňaýlydyr. Sebäbi beýleki gowaklar bilen deňeşdirilende, bu gowaga barmak aňsat, şeýle-de işinde wagonetkalar üçin ýol gurmaga mümkinçilik bar. Bu gowakdaky stalaktitler, stalagmitler, geliktitler, antoditler we beýleki tebigy döremeler çyra şöhlesiniň ýagtysyna has-da owadan görünýär. Bu gowak goraghanamyz tarapyndan berk goralýar.

Bathyz gözelliginiň wekili

Gulan gylýallaryň maşgalasyna degişli bolup, güýçli, çydamly hem örän ýyndam haýwandyr. Häzirki döwürde “Bathyz” döwlet tebigy goraghanada gulanlaryň 700-e golaýy bar. Dünýäde gulanlaryň 7 görnüşi bolup, olar Onagra — eýran, türkmen, mongol, hindi, Kiýang (hytaý), türk, Siriýa gulanlarydyr. Häzirki döwürde gulan örän seýrek duş gelýän haýwan hökmünde tanalýar. Gulanyň daşky görnüşi goňur bolup, boýny bilen kellesiniň töwerekleri goýy sarymtyk çägesöw reňkli, ýagyrnysynyň uzaboýuna we guýrugyna çenli inçe garamtyk reňkli çyzyk uzalyp gidýär. Ýaly we gulaklarynyň uçlary gara-gyrmyzy reňkde bolýar. Ol diňe demirgazyk Afrikada, Eýranda, Owganystanda we biziň ýurdumyzyň çäginde saklanyp gelýär. Olaryň baş sanynyň azalmagy sebäpli, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. “Bathyz” döwlet tebigy goraghanasynda gulanlary ýitip ýok bolmakdan gorap saklamak we baş sanlaryny köpeltmek üçin goraghananyň işgärleri yhlas bilen zähmet çekýärler Gulanlar ýylaşa köpelýärler hem-de bir sany godak getirýär. Godaklar 3-4 ýaşda uly gulan bolup ýetişýärler. Olaryň ömri 15-18 ýaşa çenli barýar. Gulanyň boýy 240 santimetre, agramy bolsa 200--350 kilograma çenli barýar. Olar gyrtyç, sümsüle, ýowşan, şora, sazak, syza, ýylak, pagtabaş ýaly çöl ösümlikleri bilen iýmitlenýärler. Geçiguş, garasar, mollatorgaý ýaly guşlar gulanlary sakyrtgalardan, mör-möjeklerden we siňekden goraýarlar. Garga bolsa gula

Ýandagyň peýdasy

Biziň döwletimizde ekologiýa we daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça ylmy wagyz-nesihat, aň-bilim, amaly işleri giň gerimde alyp barylýar. Watanymyzyň düzlüklerinde, daglarynda, çemenliklerinde,çöllerinde her dürli ösümlikler ösýär. Türkmenistanyň çöllerinde sazak, gandym, çerkez, selin ýaly ösümlikler, daglarynda arça, kerkaw agaçlary, tokaýlarynda toraňňy, ýylgyn, sähra ýerlerinde gyrtyç, dele, gyýak we beýleki ösümlikler ösýär. Bularyň hemmesi tebigy gögerýän ösümliklerdir. Şunuň ýaly ösümliklere ýabany ösümlikler diýilýär. Olaryň halk hojalygyna peýdalysy örän köpdür. Mysal üçin: gyrtyç, ýylak, ýandak we beýleki ösümlikler haýwanlara ot-iým bolýar, birnäçesi dokma we kagyz senagatynda çig mal bolup hyzmat edýär. Birnäçe ýabany ösümliklerden dermanlyk maddalar alynýar. Ýurdumyzdaky ýabany ösümlikleriň gurluşy, ösüşi hem-de hojalykdaky ähmiýeti alymlar tarapyndan öwrenilýär. Ýabany ösümlikleri öwrenmekde ylmy gözegçilikler geçirilýär. Çöl şertlerinde ýandagyň (düýe tikeni) ýaşaýjylar üçin möhüm ähmiýete eýe bolandygy bellidir. Adaty ýandak köpýyllyk tikenli ösümlikdir. Onuň kökleriniň uzynlygy 20-30 metre çenli ýetýär. Elbetde, ýandagyň dermanlyk aýratynlyklary hem bar. Gyzyl, gülgüne, gyrmyzy güllerini guradyp, dürli görnüşde dermanlyk melhemler alynýar. Dermanlyk maksat üçin diňe bir gülleri ulanylman, eýsem, kö

«Ýaşyl dünýäniň» täsinlikleri hakynda bilýärsiňizmi?

Braziliýada süýt agajy bar. Şol agaja tyg degirseň, ondan süýt syzylyp başlaýar. Ondan her gezekde 4 litre çenli süýt alyp bolýar. Ony suwa garyp, otda gaýnadyp içýärler. Polineziýada ysmanak agajy ösýär. Onuň ýapraklaryny iýmit üçin ulanýarlar.

Ýurdumyzyň biologiki köpdürliligi goramak ugrundaky tagallalary halkara derejesinde ykrar edilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşykly bolmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ugur Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň hem esasy meseleleriniň biri hökmünde bellenilýär. Ýurdumyz bu wajyp ugurda halkara gatnaşyklara işjeň gatnaşmak bilen, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan milli strategiýa Milletler Bileleşiginiň durnukly ösüşiniň maksatlary hem-de dünýäniň ekologiýa ulgamyny goramak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler bilen sazlaşykly utgaşýar. BMG-niň tebigaty goramak baradaky resminamalarynyň - biologik köpdürlülik baradaky, çölleşmäge garşy göreşmek baradaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, ozon gatlagyny goramak baradaky, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we ulanmak, UNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakyndaky resminamalar, Haza

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +24... +29 gradus maýyl bolar.

Tuwalga

Tuwalga agajy hakynda kän gürrüň edip bolar. Ilki aýdylmaly zat onuň keramatly agaç hasaplanýanlygydyr. Ýene bir aýdylmaly zat bolsa onuň seýrek, onda-da juda seýrek bitýänligidir. Ol — dag ýurdunyň agajy. Dag ýurdunyň adamlarynyň ynanjyna görä, agajyň ýanyna baranyňda, arassa, päk bolmaly. Tuwalga agajynyň reňki edil ýylgyn agajynyň reňki ýaly, gyzgylt bolýar. Adaty agaçlar döwlensoň gurap, agarmak bilen bolýarlar. Ýöne tuwalga döwläýse-de, gyzgylt reňkini üýtgetmän, hasam berk gyzarýar. Ir döwürler eneler ak öýüň täriminden sallançak guranlarynda, iki ýüpüň arasynda — çaganyň kellesini goýýan ýerinde sallançak agajy diýip, tuwalga agajyny ulanar ekenler. Munuň özi ýaşajyk çaganyň basyrganmazlygy, şonuň ýalam, rahat ýatyp, rahat turmagy, bela-beterlerden daşda bolmagy üçin edilýän yrymdyr.

Pirop — ýeňijileriň daşy

Pirop gadymy rimlileriň arasynda ýeňşiň nyşany bolan, özboluşly ýanyp duran, gyrmyzy reňkli, gaty we berk daşdyr. «Pirop» grek sözi bolup, «ot ýaly» diýmegi aňladýar. Bu at, esasan, mineralyň ýalyn ýaly ýalpyldawuk reňki bilen baglanyşyklydyr. Pirop daşy ilkinji gezek gadymy golýazmalarda ýatlanylýar, hatda dini kitaplaryň birinde hem rowaýata öwrülen bu daş hakda agzalýar. Ol häzirki ady bilen ilkinji gezek XIX asyryň ortalarynda Ýewropa edebiýatynda duş gelýär. Bu adalgany ilkinji bolup ulanan geolog A.Werner hasaplanýar. Şol döwür mineral düzümini himiki we fiziki taýdan seljermek üçin kämilleşdirilen tehnologiýanyň kömegi bilen granat daş toparynyň bir görnüşi «pirop» ady bilen ykrar edilýär. Resmi adyndan başga-da, ol «bogem granaty» diýen at bilen hem tanalýandyr.

BAÝSUN ASTRAGALY Астрагал байсунский

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Baýsun astragaly — kösükliler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 30 — 70 sm köpýyllyk otjumak wekili. Ösümligiň baldagy selçeň ak ýa-da gara tüýlüje. Ýan ýapragy esasyndan giň çyzykly, ýitileşen, kirpiklije, uzynlygy 7 — 10 mm. Ýapraklarynyň uzynlygy 5 — 8 sm, görnetin görünmeýän sapaklyja, onuň oky selçeň ak ýa-da gara we ak tüýlüje. Ýaprajyklary 7 — 11 jübüt, süýri ýa-da tegelenen we gysga, ýiti, uzynlygy (5) 8 — 13 mm, ýokarsy tüýsüz, aşagy selçeň gysylan tüýlüje.

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar! 2023-nji ýyl maý aýy

1. Hamal (Guzy 21.03 — 20.04) Maý aýynda hamallar pikirlerini durmuşa geçirip bilerler. Hamal zenanlary bu aýda öňde goýan maksatlarynyň köpüsine aňsatlyk bilen ýeterler. Jogapkärçiligi boýnuňyza almakdan we töwekgelçilik etmekden ýaýdanmaň. Serişdä gezek galanda, bu aýda tygşytlylygy saklamak maslahat berilýär. Ýakynlaryňyz bilen wagtyňyzy hoş geçirmek, olar bilen häli-şindi görşüp durmak töweregiňizdäki oňaýsyz zatlardan daşda durmaga ýardam eder. Siziň özüňizi alyp barşyňyz köplere ýarar. Şonuň üçinem bu aýda hamallardan göwün edenler az bolar.