Bathyz pissesi

3 Maý 2023
834

Ata Watanymyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Bathyzda dürli görnüşli agaçlar ösýär. Olaryň arasynda bu ýerdäki pisse agaçlarynyň özboluşly, has aýratyn täsir galdyrýandygyny aýdýarlar. Sebäbi daşyndan seredeniňde edil el bilen ekilen ýaly bolup, biri-birine galtaşman ösüşi bu agaçlary diýseň salyhatly, gözel görkezýär.

Boýy 5 — 7 metre ýetýän Bathyz pisseleriniň başga-da üýtgeşik taraplary az däl. Ýagny onuň kökleriniň gaty berk ýaýrandygy üçin töwereginde bir ýyllyk otlardan başga hiç bir agaç düýp tutup bilmeýär. Özem bu agaçlaryň 1000 ýyla çenli ýaşaýandyklary barada maglumat bar.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».