Ynsanyň ganatly dostlary

4 Maý 2023
691

Adamzat hem tebigat biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gözellik çeşmesi, ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanýan tebigat müňýyllyklaryň dowamynda öz baýlyklaryny adamzada eçilip gelýär. Tebigat bu ummasyz genji-hazynadyr. Onda her zadyň öz orny, öz gerek ýeri bar. Guşlaryň tebigy gözelligi, gelşikliligi, şirin owazy, ýelekleri we beýleki sypatlary adamlary hemişe gyzyklandyryp gelipdir.

Türkmenistanda guşlaryň ýaşaýşy dürli-dürlüdir. Olar oturymly, gonup-uçup geçýän, gelip höwürtgeleýän, gyşlaýan we beýleki guşlardyr. «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasynyň guşlar dünýäsi hem baý we köpdürlüdir. Bu ýerde guşlaryň 258 görnüşi ýaşaýar. Olaryň umumy sanynyň üçden birine golaýy oturymlydyr ýa-da höwürtgeleýänlerdir. Takmynan, üçden ikisi bolsa geçip gidýän ýa-da gyşlamaga gelýän guşlardyr. Ýurdumyza sowuk howanyň aralaşmagy bilen, Bathyzda gyşlaýan guşlaryň 10-dan gowrak görnüşi peýda bolýar. Biz bu ýerde müňläp gelýän ekinçi garga ýa-da uly garga ýaly gargalaryň birnäçe görnüşine, ýyrtyjylardan bolsa maslykçy garaguş, sähra garaguşy, kiçi guşlardan garapetekeli jokjoky, üşegenje ýaly ganatlylara duşýarys. Guşlaryň köpgörnüşliligine görä, olaryň käbirleri oturymly ýaşaýyş keşbini alyp barýarlar, käbirleri höwürtgeleýärler, beýlekileri bolsa bu ýerde diňe geçip barýarkalar düşleýärler ýa-da gyşlamaga gelýärler.

Yhlas ÇARYÝEW,
«Bathyz» döwlet tebigy goraghanasynyň direktorynyň orunbasary.