Seýle çyksaň bu daglara

3 Maý 2023
638

Göwünleri joşdurýan bahar paslynda Köýtendagyň ajaýyp tebigaty ýatdan çykmaýan täsirleri galdyrýar. Biz maşgalamyz bilen bu ýere gelenimizde, dag gerişlerine, ýaşyl begrese beslenip ýatan ýapgyt-ýapgyt belentliklere, ýapylaryň ýüzünde otlaşyp ýören dowarlara, egrem-bugram bolup, dagyň çür başyna çykýan inçejik ýodalara ser saldyk. Iki gyrasy sümme tokaýlyk bolup duran dar jülgäni, gögümtil görünýän daglary, olaryň kem-kemden howa garylyp, asman bilen utgaşyp gidýän gerişlerini, dury we arassa asmany, onuň ýüzündäki akja bulutlary synladyk.

Asmandaky ak bulutlar lemmer-lemmer bolşup durdular. Gün şöhlesi ýapylaryň ýaşyl gerişlerini gyzdyryp, süňňüne mähir siňdirýärdi, reňkine-reňk goşýardy. Birdenem şemal ak bulutlary allaowarralara kowalap ugrady. Ýagşyň ysy gelip, al-asmandan gaýdan damjalar edil maýdagöz elekden geçýän ýaly ownujakdan sepeläp ugrady.

Ogulnur ÖWLÜÝAGULYÝEWA,
Saýat etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň mugallymy.