Zäherli ýylanlardan ägä boluň!

26 Aprel 2023
2050

Bahar pasly tebigaty görküne getirýär. Sähra-çöllerimiz, dag-derelerimiz, deňiz-derýalarymyz gözel keşbe eýe bolýar. Şu ajaýyp günlerde tebigata gezelenje çykmak, onuň gözelliginden lezzet almak adamyň ruhuny göterip, ylham-şatlyk eçilýär. Tebigata seýle çykylanda, zäherli ýylanlardan ägä bolmagy ünsden düşürmeli däldir. Maglumatlara görä, Ýer ýüzünde ýylanlaryň 2500 görnüşi duş gelip, olaryň 410-sy zäherli ýylanlara degişlidir. Ýurdumyzda bolsa ýylanlaryň 28 görnüşi bolup, şolaryň 4-si, ýagny kepjebaş, göklors, alahöwren hem-de galkanburun zäherli ýylanlardyr. Olar özleriniň daşky görnüşleri, şol sanda reňk aýratynlyklary, häsiýetleri, uzynlygy, ýogynlygy, agram derejeleri, zäherleriniň täsiri babatda biri-birinden tapawutlanýarlar.

Zäherli ýylanlar bilen zähersiz ýylanlaryň esasy tapawutlary barada aýdylanda, onda zäherli ýylanlar çakanda, iki sany kese nokat yz galýandygyny, zähersiz ýylanlar çakanda bolsa, dört kese nokadyň galýandygyny nygtasa bolar. Ýeri gelende aýtsak, halk lukmançylygynda hem giňden peýdalanylan ýylan zäheri häzirki zaman lukmançylygynda hem arzyly serişdeleriň biri bolmagynda galýar. Sebäbi ýylan zäheri dürli derman serişdeleri hem-de melhemler ýasalanda peýdalanylýar.

Nurmämmet ŞIRIÝEW,
welaýat köpugurly hassahanasynyň toksikologiýa we gemodializ bölüminiň müdiri.