Ýandagyň peýdasy

26 Aprel 2023
896

Biziň döwletimizde ekologiýa we daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça ylmy wagyz-nesihat, aň-bilim, amaly işleri giň gerimde alyp barylýar. Watanymyzyň düzlüklerinde, daglarynda, çemenliklerinde,çöllerinde her dürli ösümlikler ösýär. Türkmenistanyň çöllerinde sazak, gandym, çerkez, selin ýaly ösümlikler, daglarynda arça, kerkaw agaçlary, tokaýlarynda toraňňy, ýylgyn, sähra ýerlerinde gyrtyç, dele, gyýak we beýleki ösümlikler ösýär. Bularyň hemmesi tebigy gögerýän ösümliklerdir. Şunuň ýaly ösümliklere ýabany ösümlikler diýilýär. Olaryň halk hojalygyna peýdalysy örän köpdür. Mysal üçin: gyrtyç, ýylak, ýandak we beýleki ösümlikler haýwanlara ot-iým bolýar, birnäçesi dokma we kagyz senagatynda çig mal bolup hyzmat edýär. Birnäçe ýabany ösümliklerden dermanlyk maddalar alynýar. Ýurdumyzdaky ýabany ösümlikleriň gurluşy, ösüşi hem-de hojalykdaky ähmiýeti alymlar tarapyndan öwrenilýär. Ýabany ösümlikleri öwrenmekde ylmy gözegçilikler geçirilýär.

Çöl şertlerinde ýandagyň (düýe tikeni) ýaşaýjylar üçin möhüm ähmiýete eýe bolandygy bellidir. Adaty ýandak köpýyllyk tikenli ösümlikdir. Onuň kökleriniň uzynlygy 20-30 metre çenli ýetýär. Elbetde, ýandagyň dermanlyk aýratynlyklary hem bar. Gyzyl, gülgüne, gyrmyzy güllerini guradyp, dürli görnüşde dermanlyk melhemler alynýar. Dermanlyk maksat üçin diňe bir gülleri ulanylman, eýsem, kökleri we ýapraklary hem ulanylýar. Bir wagtlar ýandak adamlaryň durmuşynda çalşyp bolmajak ösümlikdi. Çölde ýandak, ilkinji nobatda, düýelere peýdaly iýmit bolup hyzmat edýär. Adamlar ýandagy çapyp, baldagyny iki bölege bölüp, gawun ýa-da garpyz tohumlaryny ekipdirler. Şeýlelik bilen ekilen tohumlar ajaýyp hasyl beripdir.