Tebigat ynsanyň öýüdir

2 Maý 2023
797

Adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy daşymyzy gurşap alan tebigatyň ýagdaýyna, onuň bilen sazlaşykly gatnaşyklaryna, tebigy baýlyklary tygşytly we rejeli peýdalanyşyna baglydyr. Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler tebigatdaky deňagramlylygy saklamaga mümkinçilik berýän sazlaşykly gatnaşyklary tapmaga gönükdirilendir. Daş-töweregimizdäki gurşawy we tebigaty gorap saklamak hem-de tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmak Diýarymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şuňa laýyklykda, ýurdumyzda we halkara derejesinde ekologiýanyň goralmagyna hem-de durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň baş maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekdir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir raýatyň arassa daşky gurşawda ýaşamaga bolan hukugynyň kepillendirilmegi bilen birlikde, ýurdumyzyň tebigy serişdelerini rejeli ulanmaga hem-de daşky gurşawy goramaga her bir raýatyň borçludygy bellenilýär. Şeýle hem, Baş Kanunda her bir adamyň tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludygy aýratyn bellenilýär. Şuňa laýyklykda Garaşsyz ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garap, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we köp öwüşginli görnüşini gorap saklamak boýunça degerli çäreler durmuşa geçirilýär.