Gapgotan gowagy

26 Aprel 2023
690

Köýtendagyň tebigy ýadygärlikleriniň we täsin ýerleriniň biri Gapgotan gowagydyr. Köýtendagda şular ýaly karst gowaklarynyň 60-a golaýy bar. Bilşimiz ýaly, dünýä ýüzünde karst gowaklary speleoturizm (gowaklara ekologik syýahat) üçin üstünlikli peýdalanylýar. Köýtendagda adamlaryň baryp görmekleri üçin has oňaýlysy Gapgotan gowagydyr. Ol Aralyk atly gowak bilen birleşip, umumy uzynlygy 56 kilometr bolan gowaklar ulgamyny döredýär. Gowagyň häzirki ýagdaýy syýahatçylyk gatnawyny guramak üçin ykdysady tarapdan has oňaýlydyr. Sebäbi beýleki gowaklar bilen deňeşdirilende, bu gowaga barmak aňsat, şeýle-de işinde wagonetkalar üçin ýol gurmaga mümkinçilik bar. Bu gowakdaky stalaktitler, stalagmitler, geliktitler, antoditler we beýleki tebigy döremeler çyra şöhlesiniň ýagtysyna has-da owadan görünýär. Bu gowak goraghanamyz tarapyndan berk goralýar.

Mohira HOJAMBERDIÝEWA,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri.