Bathyz gözelliginiň wekili

26 Aprel 2023
595

Gulan gylýallaryň maşgalasyna degişli bolup, güýçli, çydamly hem örän ýyndam haýwandyr. Häzirki döwürde “Bathyz” döwlet tebigy goraghanada gulanlaryň 700-e golaýy bar. Dünýäde gulanlaryň 7 görnüşi bolup, olar Onagra — eýran, türkmen, mongol, hindi, Kiýang (hytaý), türk, Siriýa gulanlarydyr. Häzirki döwürde gulan örän seýrek duş gelýän haýwan hökmünde tanalýar. Gulanyň daşky görnüşi goňur bolup, boýny bilen kellesiniň töwerekleri goýy sarymtyk çägesöw reňkli, ýagyrnysynyň uzaboýuna we guýrugyna çenli inçe garamtyk reňkli çyzyk uzalyp gidýär. Ýaly we gulaklarynyň uçlary gara-gyrmyzy reňkde bolýar. Ol diňe demirgazyk Afrikada, Eýranda, Owganystanda we biziň ýurdumyzyň çäginde saklanyp gelýär. Olaryň baş sanynyň azalmagy sebäpli, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. “Bathyz” döwlet tebigy goraghanasynda gulanlary ýitip ýok bolmakdan gorap saklamak we baş sanlaryny köpeltmek üçin goraghananyň işgärleri yhlas bilen zähmet çekýärler

Gulanlar ýylaşa köpelýärler hem-de bir sany godak getirýär. Godaklar 3-4 ýaşda uly gulan bolup ýetişýärler. Olaryň ömri 15-18 ýaşa çenli barýar. Gulanyň boýy 240 santimetre, agramy bolsa 200--350 kilograma çenli barýar. Olar gyrtyç, sümsüle, ýowşan, şora, sazak, syza, ýylak, pagtabaş ýaly çöl ösümlikleri bilen iýmitlenýärler. Geçiguş, garasar, mollatorgaý ýaly guşlar gulanlary sakyrtgalardan, mör-möjeklerden we siňekden goraýarlar. Garga bolsa gulanlaryň düşýän köne ösgün tüýlerini ütüp aýyryp, öz höwürtgelerini guranlarynda ulanýarlar.