Tuwalga

21 Aprel 2023
759

Tuwalga agajy hakynda kän gürrüň edip bolar. Ilki aýdylmaly zat onuň keramatly agaç hasaplanýanlygydyr. Ýene bir aýdylmaly zat bolsa onuň seýrek, onda-da juda seýrek bitýänligidir. Ol — dag ýurdunyň agajy.

Dag ýurdunyň adamlarynyň ynanjyna görä, agajyň ýanyna baranyňda, arassa, päk bolmaly. Tuwalga agajynyň reňki edil ýylgyn agajynyň reňki ýaly, gyzgylt bolýar. Adaty agaçlar döwlensoň gurap, agarmak bilen bolýarlar. Ýöne tuwalga döwläýse-de, gyzgylt reňkini üýtgetmän, hasam berk gyzarýar. Ir döwürler eneler ak öýüň täriminden sallançak guranlarynda, iki ýüpüň arasynda — çaganyň kellesini goýýan ýerinde sallançak agajy diýip, tuwalga agajyny ulanar ekenler. Munuň özi ýaşajyk çaganyň basyrganmazlygy, şonuň ýalam, rahat ýatyp, rahat turmagy, bela-beterlerden daşda bolmagy üçin edilýän yrymdyr.

Ogulkeýik REJEBOWA,
Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.