Pirop — ýeňijileriň daşy

21 Aprel 2023
867

Pirop gadymy rimlileriň arasynda ýeňşiň nyşany bolan, özboluşly ýanyp duran, gyrmyzy reňkli, gaty we berk daşdyr. «Pirop» grek sözi bolup, «ot ýaly» diýmegi aňladýar. Bu at, esasan, mineralyň ýalyn ýaly ýalpyldawuk reňki bilen baglanyşyklydyr. Pirop daşy ilkinji gezek gadymy golýazmalarda ýatlanylýar, hatda dini kitaplaryň birinde hem rowaýata öwrülen bu daş hakda agzalýar. Ol häzirki ady bilen ilkinji gezek XIX asyryň ortalarynda Ýewropa edebiýatynda duş gelýär. Bu adalgany ilkinji bolup ulanan geolog A.Werner hasaplanýar. Şol döwür mineral düzümini himiki we fiziki taýdan seljermek üçin kämilleşdirilen tehnologiýanyň kömegi bilen granat daş toparynyň bir görnüşi «pirop» ady bilen ykrar edilýär. Resmi adyndan başga-da, ol «bogem granaty» diýen at bilen hem tanalýandyr.

Taýýarlan Sähragül GAJYMOWA,
«Zenan kalby».