Täsinlikden doly tebigat (Oýlanma)

27 Aprel 2023
796

«Gyşyň güni kyrk tüýsli...» diýýärler. Özüm-ä baharyňam günleri barada şony aýdardym. Ýöne olara «gylyksyz» diýmäge welin, dilim baranok. Sebäbi günde telim tüýsli özgeräýsin, baharyň her bolşy meniň kalbyma ýakyn. Onsoňam bahardaky özgerişlik diňe bir daş-töweregimde bolup geçenok ahyryn. Ýaz ýagşynyň astynda süllümbaý bolup, sowukdan galdyramaga derek, keýpihon halda aýdyma hiňlenip ýörşümi baharyň özünden başga hiç bir zada meňzedip biljek däl.

Baharyň kalbyma salýan howsalaly duýgulary ýyllaryň geçmegi bilen özgeribem barýan ýaly. Olar gitdigiçe agraslanyp, nähilidir bir özbaşdak mana eýe bolup barýan ýaly. Men bu zatlary özümden oýlap tapyb-a aýdamok. Ol özgerişlik, edil, ýaşlygyň bizden alyslaşýanyny boýnumyza alasymyzyň gelmeýşi ýaly, her näçe islemesegem, wagtal-wagtal özüniň bardygyny bildirýär durýar.

Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.