Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Zemini gülledýän zenanlar

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkeziniň «Altyn» toý zalynda Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenan bilen Zemin gülleýär» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa dürli ulgamlarda zähmet çekýän gelin-gyzlar, mährem eneler we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ata Watanymyzda mähriban gelin-gyzlarymyza hormat-sarpa goýlup, zenan edebine aýratyn söýgi bilen garamak, olary mukaddeslige deňemek ýaly ajaýyp ýörelgeler belent derejelere göterilýär. Aýdym-sazly bu dabara hem zenan mertebesine bagyşlandy. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabyndan hem zenan mertebesi barada örän täsirli söhbetler beýan edildi. Ene mukaddesligini, çaga terbiýesindäki asylly zähmeti giňden açyp görkezen bu aýdym-sazly dabara hemmelerde uly täsir galdyrdy.

Berkararlyk owazlary

Ýakynda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň guramagynda «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Oňa Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, şeýle-de medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar. Baý many-mazmuna eýe bolan maslahatda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda halk bilen häkimiýetiň jebisligini üpjün etmek, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn kämil jemgyýeti kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda taryhy özgertmeler amala aşyrylyp, uly üstünliklere ýetilýär. Maslahatda çykyş edenler bular barada giňişleýin gürrüň etdiler. Berkarar Watanymyzy, bagtyýar zamanamyzy wasp edýän aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy maslahata özboluşly öwüşgin çaýdy.

Ýaş suratkeşleriň döredijiliginde Pyragynyň keşbi

Türkmen  edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly  Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy  mynasybetli Watanymyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk çäreleri bellenilip geçilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»  ýylynda  akyldaryň ömri we döredijiligi giňden öwrenilmek bilen birlikde, birnäçe sungat eserleri hem döredilýär. Halypa suratkeşler bilen bir hatarda Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan taslama eserlerini taýýarlamaga Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň ýaş zehinli suratkeşleri hem gatnaşýarlar.  Olaryň döreden taslama işleri döwlet derejesinde geçirilýän ýaş ýetginjekleriň arasyndaky döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp,  baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şeýle-de ýurdumyzyň köp ýerlerinde göçme çeperçilik sergileri gurnalýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan eserler türkmen sungatynyň taryhy ösüş ýolunda şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşlerinde wasp edildi. Bu eserler häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän muzeýlerde saklanylýar. Şeýle naýbaşy işleriň biri hem, ýagny ilkinji türkmen suratkeşi Bäşim Nuralynyň «Magtymguly» (1959ý.) atly şahyryň keşbine bagyşlan asyl nusga portret eseridir. Bu portretiň suratkeşiň adyny göterýän çagalar çeperçilik mekdebiniň muzeýinde saklanmagy, şol ýerde bilim alýan okuwçylara nusgalyk eser bolup durýar. Bäşim Nuraly adynda

Döredijilik duşuşygy

Golaýda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň halypa ýazyjy-şahyrlary, magtymgulyşynas alymlar we köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Turuwbaşdan işjeň häsiýete eýe bolan we ruhubelentlige beslenen duşuşykda halypa ýazyjy-şahyrlaryň, magtymgulyşynas alymlaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Olar Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilmeginiň dünýä jemgyýetçiliginiň türkmen diline bolan gyzyklanmasyny artdyrýandygyna ünsi çekdiler. Nygtalyşy ýaly, parahatçylyk söýüjilik, agzybirlik, döwletlilik, edep-terbiýelilik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny çeper sözüň güýji bilen beýan eden Magtymguly Pyragy türki dilleriň içinde iň gadymysy hasaplanýan türkmen dilini ösdüren, onuň şireliligini eserlerinde peýdalanmagy başaran şahyrdyr. Ene dilimiziň edebi häsiýete eýe bolmagynda, özünden soňky nesliň şahyrlarynyň hut şol däbi düýpli özleşdirip, nusgawy ýoly dowam etdirmeginde hem söz ussadynyň döredijiliginiň aýratyn ähmiýeti bardyr. Täze taryhy döwrüň döredijilik b

Bagtyýar çagalaryň bäsleşigi

Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Bilim ministrligi bilen bilelikde tassyklan düzgünnamasy esasynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synpynda okaýan gyzjagazlarynyň arasynda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2024» atly bäsleşik yglan edildi. Ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdepde bu bäsleşigiň Bagtyýarlyk etrap tapgyry geçirildi. Bu ýerde etrabyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlary özara bäsleşdiler. Onda zehinli çagalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Soňra bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlar milli egin-eşiklerini geýip, olary şahyrana sözler bilen wasp etdiler. Şeýle hem gyzjagazlar ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde bäsleşdiler.

Ýedi ýylda açylan syr

Ýere älemgoşar gaçana meňzeşdi. Kyrkmollanyň gümmezläp duran depesiniň töweregi hut häzirjek gyzyl-dörjük edilen ýalydy. Bol ýagan ýagyşdan soň süňňi toprak bilen gatan, gerşine çaň-tozan siňen çäçlerdir daşmydyr käse, badyýa, kersen, kiçeňräk pyýala, tagara... döwüklerine bulut ýaryp çykan Gün zireleri şeýle bir ýalkym berýärdi welin, kyrk dürli öwüşgin ýerden gögerip çykaýan ýalydy. Birdenem, çaşyp ýatan çäçleriň birinden günüň şöhlesi güberçekläp görünýän Akgalanyň diwaryna düşdi. Ondan güňleç seda gulaga eşidilip başlady. Şol seda taryhyň gaflat gatlarynda galyp, indem heňňam hekaýaty bolup ýaýylmaga howlugýan ýalydy. ...Sadyk käriniň sadyk guly boldy. Gün dogandan tä iňrik garalýança eli palçykdan çykmady. Dyzmaç göwrede şondan soňam «işlesem» diýen hyýal bar welin, bu kespde göz baglanansoň, gyl ýaly gyşyklyk gitse, bikeşplik dörejek. Ýahýa ussa hem ikindiniň kölegesi ýaly, garaşman durkaň gapdalyňdan zompa çykaýýar. Ýöne «Ony eýt! Muny beýtmänsiň!» diýen iňirdili gepiň agzyndan çykanyny eşidenem ýokdur, gaş çytyp şägirtlerine gaňrylanyny görenem ýokdur. Üşükli şägirt bolsaň, ussadyň üm bilen edip görkezýänem sapakdyr saňa. Sadygyňam oňa gol berenine indi dört ýyl boluberipdir.

Türkmen milli oýunlary – nesil terbiýesinde özboluşly mekdep

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nesil terbiýesi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlak düşünjeli we sagdyn ruhly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde mynasyp işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda iň kämil tehniki serişdeler bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň, umumy bilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň ençemesiniň gurulmagy, öňden hereket edýänleriniň bolsa döwrebaplaşdyrylmagy nesil terbiýesine ýurt derejesinde nähili uly ähmiýet berilýändiginiň subutnamasydyr. Türkmen halkynyň milliligini alamatlandyrýan köp sanly däpleri, ýörelgeleri, gymmatlyklary bar. Olaryň ählisi hem terbiýeçilik ähmiýetli. Çünki halkymyz terbiýe meselesine, aýratyn hem çaga terbiýesine uly ähmiýet beren halk. “Bal süýji baldan bala süýji”, “Çagaly öý bazar” ýaly aýtgylary, nakyllary döreden halkymyz “Çaga eziz edebi ondanam eziz” diýen nakyly hem döredipdir we çaganyň edep-terbiýeli bolmagynyň aladasyny edipdir. Halkymyz tarapyndan çaga durmuşynda örän möhüm orun tutýan milli oýunlaryň ençemesi döredilipdir. Olaryň köpçülik, iki-üç, diňe gyzlar ýa-da oglanlar, gyz-oglan bilelikde, şeýle hem topar bolup oýnalýan, hereketli we az hereketli görnüşleri bar. Bularyň hemmesi hem çagalaryň birek-birek bilen dostlukly gatnaşyk etmek ukybyny kämill

Ankara uniwersitetinde Magtymguly burçy döredildi

  Suratda: Türkiýäniň Ankara uniwersitetiniň professory, magtymgulyşynas Berdi Saryýew. Ankara uniwersiteti, Magtymguly burçy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylymyzyň 22-nji fewralynda Türkiýäniň Ankara uniwersitetinde bu ýerde zähmet çekýän türkmen alymy Berdi Saryýewiň tagallasy bilen beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi mynasybetli, Magtymguly burçy döredildi.

OGUZ HAN TÜRKMEN

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öz döredijiliginde nesilbaşymyz Oguz hana we onuň mirasyna kän ýüzlenýär. «Döwlet guşy» romanynda kakasy Mälikguly aga bilen bagly ýatlamalarynda «Türkmen sen» goşgusynda Oguz hanyň adyny getirýär:

Kitap sowgady

«7/24. tm» № 09 (196), 26.02.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we hormatly Prezidentimiziň ta­gal­la­la­ry bi­len, da­na akyl­da­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eser­le­ri­niň ma­ny-maz­mu­ny dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne giň­den ýa­ýyl­ýar.

Çaga terbiýesi – mukaddes wezipe

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahat ýaşaýşyň hözirini görýän türkmen halkymyz ýurdumyzyň geljekgi eýeleri bolan ýaş nesillerimize, olaryň edep-terbiýesine uly üns berip, bu babatda çäksiz uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary esasynda ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek, olaryň saglygyny goramak maksady bilen, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap çagalar baglary, okuw mekdepleri, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Okuw-terbiýeçilik edaralary ösen ylmy-innowasion tehnologiýalar, interaktiw-multimediýa enjamlary, kompýuterler bilen doly üpjün edilýär. Bu bolsa biziň röwşen geljegimiz bolan bagtyýar nesillerimize tälim-terbiýe bermegiň netijeliligini artdyryp, olaryň kämil tehnologiýalary ele almaklaryna giň ýol açýar. Her bir çaga maşgalanyň dowamaty hem-de berkleşdiriji güýçdür. Bagtyýar çagalar bilen her bir ojak şatlyk-gülki bilen beslenýär. Maşgala döwletiň kiçijik bir bölegi bolup nesliň dowamat bolýan, däp-dessurlarynyň berjaý edilýän ýeridir. Her bir bagtyýar maşgalada çaganyň dogulmagy iň şatlykly pursatlaryň biridir. Çaga terbiýesi köp ýagdaýlary öz içine alýar. Ösüp barýan çagany wagtly-wagtynda naharlamak, uky wagtyny saýhallamak, eşiklerini arassa saklamak, dogry gundamak, arassa howa, tebigata gezelenje çykarmak, dürli kesellerden goramak enäniň esasy borjy

Uly dünýäniň bilbili

Çagalykda gözüňde galan keşpler, gulagyňda ýaňlanan owazlar hakydada hemişelik siňýän bolarly. Heniz mekdep ýaşyna ýeten oglanjykkam, teleýaýlymda berilýän «Köne güzer» atly aýdym-sazly gepleşigi ünsli diňleýärdim. Halypalaryň ökdelik bilen ýerine ýetirýän aýdymlary çaga kalbymda medeniýete we sungata höwesi artdyrdy. Türkmenistanyň halk artistleri Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Aýdogdy Gurbanow, Ata Ilamanow, Atageldi Garýagdyýew ýaly ussatlaryň aýdymlary ýaňlananda, kalbym ganatlanardy. Haçan-da Medeniýet Şahberdiýewa aýdym aýdanda, onuň belent owazy gözelligiň mukamy bolup, göwnüňi göterýärdi. Men öz käbämden bu ussadyň aýdymlary hakda sorap ugradym. Ejem: — Oglum, Medeniýet «Dünýäň saýrak bilbili» adyna eýe aýdymçy. Ol aýdym aýdanda, göýä Erem bagynda şeýda bilbil nagma kakýan ýalydyr — diýerdi. — «Soloweý» (Bilbil) aýdymy bilen dünýä çykdy. Soýuz döwründe bu aýdymy belent sesli aýdymçylaryň onlarçasy ussatlyk bilen ýerine ýetirenem bolsa, olar Medeniýet Şahberdiýewanyň derejesine, owazyň içinden owaz alşyna, heňiň içinden üýtgeşik heň alşyna haýran galýardylar. Halypa bu aýdymy aýtmazyndan öň bagdaky bilbilleriň hoş owazyny diňläp, gül-gunçalaryň görkünden ruhlanyp sahna çykar eken. Haçan-da halypa «Bilbil» bolup joşýarka, Hakyň nazar salan türkmen sährasy, bag-bakjalarda saýraşýan ajaýyp bilbilleriň hoş owazy göz öňüňde janlaný

Beýik söz ussadynyň çeper waspy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli  Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebinde welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň döreden eserleriniň sergisi guraldy. «Ýaş waspçylar» ady bilen geçirilen sergide talyplaryň beýik şahyryň ömrüni we döredijiligini dürli reňk öwüşgininde beýan edýän nakgaş eserleri görkezildi. Täze eserleri döretmekde Pyragynyň şygryýet ummanyny özleriniň döredijilik işleriniň ylham çeşmesi hasaplaýan talyplar eserlerinde Pyragynyň ajaýyp goşgularyna ýüzlenipdirler. Talyp ýaşlaryň «Döredijilik ummany», «Hoş gal, gözel Şirgazy», «Bady sabany görsem», «Meňli» atly nakgaş eserleri sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsini ýol-ýörelge edinýän ýaşlaryň döreden eserleriniň çagalar çeperçilik mekdebinde sungatyň inçe syrlaryny ele alýan  okuwçylarda uly täsir galdyrandygyny bellemek gerek. Olar şekillendiriş sungatyny ösdürmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Jenan sazandanyň deprekçi gyzy

Dogluş şahadatnamasynda ady «Gurbanaý» diýlip ýazylan hem bolsa, men ony il içinde tanalýan Kümüş ady bilen alasym gelýär. Indi ýarym asyrdan gowrak wagt bäri tanaýan zenanyma Gurbanaý diýsem, meniň üçin ol nätanyş biri ýaly bolup görner. Kümüş daýzanyň durmuşyny aýdym-sazsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Çünki ol Jenan sazandanyň naýbaşy gyzy. Depregiň, gyjagyň, tardyr rubabyň şirin owazy bilen dünýä inip, şahandaz maşgalada ýaňlanan şol owazlar bilenem ösüp-ulalan Kümşüň gözüni açyp göreni saz-söhbet. Sakar etrabynyň oba mekdebinde mugallym bolup işleýän Jenan Nurmämedowy Kerki şäherinde täze açylan halk drama teatryna işe iberýärler. Jenan teatrda sazanda bolup işlemek bilen birlikde, şol döwürde uly meşhurlyga eýe bolan «Arşyn mal alan», «Zöhre-Tahyr», «Şasenem-Garyp» ýaly spektakllary taýýarlap, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanýar.

Bagtyýar körpeler – röwşen geljegiň gurujylary

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hil taýdan ýokary derejesini üpjün edýär. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda üstünlikler gazanyp, halkara giňişliginde uly abraýdan peýdalanýar. Elbetde, jemgyýetimiziň umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, ýaşlaryň kämil bilim almagy üçin döwrebap şertleriň döredilmegi täze mümkinçilikleri we çemeleşmeleri ýüze çykarýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşlerine mynasyp goşant goşýan, dünýä ylmynyň gazananlaryndan habarly, bilimli nesliň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşi d

Şäher we şäherleşme

Ilkinji gezek bu şäher iki ýyl mundan ozal Gökdepä barýarkam, uzakdan gözüme ildi. Men häzir «şäher» sözüni ulansam-da, ol şonda dag eteginiň bir künjeginde degre-daşa ýaýylan gurluşyk meýdançasydy. Ol ýerde işleriň ýaşlyk hyrujy bilen gaýnaýandygyny oturan ýerimden aňdym. Gyş aýlarydy, dagyň örküji ak garlary örtgi edinipdi. Aşakda bolsa boýlary ýetiberen ak jaýlar dagy galkan edinip örňeýärdi. Gözüme ynanmadym: bu şäher çyndan hem gurulýar. Men bu görnüşe, gözýetimden ýitýänçä, gaňrylyp-gaňrylyp seretdim. Ol duýdansyz peýda bolşy ýaly, duýdansyz hem gaýyp boldy. Emma salgyma çalymdaş bu geň-enaýy pursat hakydamda ömürlik galdy. Şol «ilkinji duşuşygy» ýatlanymda, häzir hem täsin ruhy ahwalaty başdan geçirýärin.

Seýilgähe seýle çyksaň...

Iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurdunda, türkmen tebigatynyň juda owadan ýerinde ýerleşen, sebitde ýeke-täk «akylly» şäher Arkadag şäherinde adamlaryň oňaýly dynç almaklary üçin birnäçe seýilgähler döredilen. Şeýle ajaýyp ýerleriň biri hem size gürrüň bermekçi bolýan dynç alyş seýilgähimizdir. Bu seýilgähi synlanyňda bir pikir seriňe gelýär. Meger, seýilgähi taslaýjy-dizaýner bu ýere gelýänlere suw bilen wagtyň özara meňzeş taraplary hakyndaky gadymy ýunan pelsepesini ýatlatmak isländir. Çünki suw akýar, geçýär, wagt hem geçýär, akýar. Gadymy akyldarlaryň biri: «Bir giren derýaňa ikinji gezek girip bilmersiň» diýipdir. Bir ýaşan günüňi hem ikinji gezek ýaşap bolmaýar. Seýilgähiň merkezinde täsin suw çüwdürimi bolup, onda wagtyň göze görünýän guraly bolan sagat sudury ýerleşdirilipdir. Sanly tehnologiýanyň kömegi arkaly suw çüwdüriminiň sagadyň wagt görkezýän san belgilerine görä sazlaşykly işlemegi, şeýle-de türkmen bedewiniň hem-de ýarym Aýyň, ýyldyzlaryň şekiliniň bolmagy seýilgähiň özboluşly aýratynlygydyr. Gijelerine bu ýeriň yşyklandyrylmagy bilen nura beslenmegi hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Şonuň üçin bu seýilgäh köplenç adamly. Çagajyklaryny ýörite arabalara mündürip, gezelenç edip ýören ata-enelere, tämiz howadan dem alyp şäher gözelligini synlap ýören adamlara hemişe gabat gelmek bolýar. «Akylly» şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary bu ýeriň arassa, tenekar

Teşne göwne teselli

Kitap ylym-bilimiň çeşmesidir. Beýik akyldarlar kitap barada ajaýyp pähimleri miras galdyrypdyrlar. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Kitap okan gullar magnydan dokdur,

Çemçe-kaşyk ses eder, enelerimiz tans eder

Her milletiň özüne mahsus medeni mirasy, milli ýol-ýörelgesi we medeniýeti bar. Halklaryň medeniýetini açyp görkezmekde tans sungatynyň orny uludyr. Halkymyzyň «küştdepdi», «yhhymmyl», «çapak» ýaly tanslarynyň üsti bilen gadymy däp-dessurlarymyz, taryhymyz äşgär edilýär. Toýdur-baýramlaryň bezegi bolan bu tanslaryň döreýiş taryhy köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. Biz meşhur «çapak» tansynyň döreýşi, ýerine ýetiriliş aýratynlygy bilen gyzyklanyp, Saýat etrap medeniýet bölüminiň «Çapak» folklor toparynyň ýolbaşçysy Oguljan JUMAÝEWA bilen söhbetdeş bolduk. ― Oguljan gelneje, söhbetdeşligimiziň başyny «çapak» tansynyň döreýiş taryhyndan başlaýaly!

Döwürleriň we göwünleriň sazlaşygy

Medeniýet diýlende, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýen çuňňur mazmunly jümlesi hakydaňa dolýar. Halkyň kalbyna, diýmek, ykbalyna ýerleşip, ömür menzillerine röwüş çaýyp bilýän bolsa, medeniýet hakyky gudrat. Medeniýet — behişdiň gojaman Zeminiň üstündäki keşbi, adamzadyň ýaşaýşa bolan yşgy. Berkarar döwletimizde asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen medeni mirasymyzy öwrenmek, ösdürmek we nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler milletiň ruhy dünýäsiniň şuglasyna öwrülýär. Bu barada hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar» diýen sözleri milli medeniýetimiziň milletimiziň mertebesini äşgär edýändigine güwä geçýär. Elbetde, medeniýet hakynda söhbet edilende, ýurdumyzyň belli medeniýet we sungat ussatlary bilen bilelikde welaýatymyzyň «medeni ýüküni» gerdeninde çekip ýören ildeşlerimiz göz öňüňde janlanýar. Şolaryň arasynda Kerki etrabynyň medeniýet işgärleriniň bolmagy olaryň zähmetiniň ýerine düşýändigini, bu hünäre bolan yhlasyny zehin bilen, zähmet bilen taplap bilýändiklerini subut edýär. Etrabyň medeniýet bölüminiň geçen asyryň 80-nji ýyllarynda «Halk teatry» diýen ada mynasyp bolan teatrynyň sahna ussatlary bu şöhratly däpleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp d