Şäher we şäherleşme

21 Fewral 2024
291

Ilkinji gezek bu şäher iki ýyl mundan ozal Gökdepä barýarkam, uzakdan gözüme ildi. Men häzir «şäher» sözüni ulansam-da, ol şonda dag eteginiň bir künjeginde degre-daşa ýaýylan gurluşyk meýdançasydy. Ol ýerde işleriň ýaşlyk hyrujy bilen gaýnaýandygyny oturan ýerimden aňdym.

Gyş aýlarydy, dagyň örküji ak garlary örtgi edinipdi. Aşakda bolsa boýlary ýetiberen ak jaýlar dagy galkan edinip örňeýärdi. Gözüme ynanmadym: bu şäher çyndan hem gurulýar. Men bu görnüşe, gözýetimden ýitýänçä, gaňrylyp-gaňrylyp seretdim. Ol duýdansyz peýda bolşy ýaly, duýdansyz hem gaýyp boldy. Emma salgyma çalymdaş bu geň-enaýy pursat hakydamda ömürlik galdy. Şol «ilkinji duşuşygy» ýatlanymda, häzir hem täsin ruhy ahwalaty başdan geçirýärin.

Oraz ABDYÝEW,
žurnalist.