Türkmen milli oýunlary – nesil terbiýesinde özboluşly mekdep

26 Fewral 2024
243

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nesil terbiýesi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlak düşünjeli we sagdyn ruhly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde mynasyp işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda iň kämil tehniki serişdeler bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň, umumy bilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň ençemesiniň gurulmagy, öňden hereket edýänleriniň bolsa döwrebaplaşdyrylmagy nesil terbiýesine ýurt derejesinde nähili uly ähmiýet berilýändiginiň subutnamasydyr.

Türkmen halkynyň milliligini alamatlandyrýan köp sanly däpleri, ýörelgeleri, gymmatlyklary bar. Olaryň ählisi hem terbiýeçilik ähmiýetli. Çünki halkymyz terbiýe meselesine, aýratyn hem çaga terbiýesine uly ähmiýet beren halk. “Bal süýji baldan bala süýji”, “Çagaly öý bazar” ýaly aýtgylary, nakyllary döreden halkymyz “Çaga eziz edebi ondanam eziz” diýen nakyly hem döredipdir we çaganyň edep-terbiýeli bolmagynyň aladasyny edipdir. Halkymyz tarapyndan çaga durmuşynda örän möhüm orun tutýan milli oýunlaryň ençemesi döredilipdir. Olaryň köpçülik, iki-üç, diňe gyzlar ýa-da oglanlar, gyz-oglan bilelikde, şeýle hem topar bolup oýnalýan, hereketli we az hereketli görnüşleri bar. Bularyň hemmesi hem çagalaryň birek-birek bilen dostlukly gatnaşyk etmek ukybyny kämilleşdirýär.

Firýuza HYDYROWA
Dänew etrabynyň 3-nji “Bahar” çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy