Ýedi ýylda açylan syr

26 Fewral 2024
396

Ýere älemgoşar gaçana meňzeşdi. Kyrkmollanyň gümmezläp duran depesiniň töweregi hut häzirjek gyzyl-dörjük edilen ýalydy. Bol ýagan ýagyşdan soň süňňi toprak bilen gatan, gerşine çaň-tozan siňen çäçlerdir daşmydyr käse, badyýa, kersen, kiçeňräk pyýala, tagara... döwüklerine bulut ýaryp çykan Gün zireleri şeýle bir ýalkym berýärdi welin, kyrk dürli öwüşgin ýerden gögerip çykaýan ýalydy. Birdenem, çaşyp ýatan çäçleriň birinden günüň şöhlesi güberçekläp görünýän Akgalanyň diwaryna düşdi. Ondan güňleç seda gulaga eşidilip başlady. Şol seda taryhyň gaflat gatlarynda galyp, indem heňňam hekaýaty bolup ýaýylmaga howlugýan ýalydy.

...Sadyk käriniň sadyk guly boldy. Gün dogandan tä iňrik garalýança eli palçykdan çykmady. Dyzmaç göwrede şondan soňam «işlesem» diýen hyýal bar welin, bu kespde göz baglanansoň, gyl ýaly gyşyklyk gitse, bikeşplik dörejek. Ýahýa ussa hem ikindiniň kölegesi ýaly, garaşman durkaň gapdalyňdan zompa çykaýýar. Ýöne «Ony eýt! Muny beýtmänsiň!» diýen iňirdili gepiň agzyndan çykanyny eşidenem ýokdur, gaş çytyp şägirtlerine gaňrylanyny görenem ýokdur. Üşükli şägirt bolsaň, ussadyň üm bilen edip görkezýänem sapakdyr saňa. Sadygyňam oňa gol berenine indi dört ýyl boluberipdir.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
Hormatly il ýaşulusy.