Ýaş suratkeşleriň döredijiliginde Pyragynyň keşbi

28 Fewral 2024
472

Türkmen  edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly  Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy  mynasybetli Watanymyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk çäreleri bellenilip geçilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»  ýylynda  akyldaryň ömri we döredijiligi giňden öwrenilmek bilen birlikde, birnäçe sungat eserleri hem döredilýär. Halypa suratkeşler bilen bir hatarda Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan taslama eserlerini taýýarlamaga Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň ýaş zehinli suratkeşleri hem gatnaşýarlar.  Olaryň döreden taslama işleri döwlet derejesinde geçirilýän ýaş ýetginjekleriň arasyndaky döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp,  baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şeýle-de ýurdumyzyň köp ýerlerinde göçme çeperçilik sergileri gurnalýar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan eserler türkmen sungatynyň taryhy ösüş ýolunda şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşlerinde wasp edildi. Bu eserler häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän muzeýlerde saklanylýar. Şeýle naýbaşy işleriň biri hem, ýagny ilkinji türkmen suratkeşi Bäşim Nuralynyň «Magtymguly» (1959ý.) atly şahyryň keşbine bagyşlan asyl nusga portret eseridir. Bu portretiň suratkeşiň adyny göterýän çagalar çeperçilik mekdebiniň muzeýinde saklanmagy, şol ýerde bilim alýan okuwçylara nusgalyk eser bolup durýar. Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň ähli bölümlerinde bilim alýan okuwçylar özleriniň saýlap alan temalaryny wasp etmekde ilki bilen türkmen sungatynyň ilkinji ädimlerini öwrenip, öz pikir-garaýyşlary bilen täze eserleri döredýärler. Şeýlelik-de halypalaryň döreden taslama işlerini içgin öwrenmek bilen okuwçylar çeperçilik tilsimleri giň özleşdirmegi başarýarlar.

Ogulgül Nurlyýew
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy