Döwürleriň we göwünleriň sazlaşygy

21 Fewral 2024
276

Medeniýet diýlende, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýen çuňňur mazmunly jümlesi hakydaňa dolýar. Halkyň kalbyna, diýmek, ykbalyna ýerleşip, ömür menzillerine röwüş çaýyp bilýän bolsa, medeniýet hakyky gudrat. Medeniýet — behişdiň gojaman Zeminiň üstündäki keşbi, adamzadyň ýaşaýşa bolan yşgy. Berkarar döwletimizde asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen medeni mirasymyzy öwrenmek, ösdürmek we nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler milletiň ruhy dünýäsiniň şuglasyna öwrülýär. Bu barada hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar» diýen sözleri milli medeniýetimiziň milletimiziň mertebesini äşgär edýändigine güwä geçýär.

Elbetde, medeniýet hakynda söhbet edilende, ýurdumyzyň belli medeniýet we sungat ussatlary bilen bilelikde welaýatymyzyň «medeni ýüküni» gerdeninde çekip ýören ildeşlerimiz göz öňüňde janlanýar. Şolaryň arasynda Kerki etrabynyň medeniýet işgärleriniň bolmagy olaryň zähmetiniň ýerine düşýändigini, bu hünäre bolan yhlasyny zehin bilen, zähmet bilen taplap bilýändiklerini subut edýär. Etrabyň medeniýet bölüminiň geçen asyryň 80-nji ýyllarynda «Halk teatry» diýen ada mynasyp bolan teatrynyň sahna ussatlary bu şöhratly däpleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp dowam etdirýärler. Biz munuň şeýledigini halk teatrynyň soňky ýyllaryň dowamyndaky repertuarynda, welaýat, döwlet derejelerinde gazanan üstünliklerinde, etrabyň çäginde teatr muşdaklaryna eden hyzmatlarynda görüp bilýäris. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romany boýunça Ş. Maşaripowyň edebi esasyny ýazan «Döwletli döwran», Astangeldi Jomartowyň «Syrly bilezik», Myrat Adalakowyň «Bagt menzili», «Baýlyk», «Bagtyýar ýaşlar» spektakllary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alnan sahna oýunlary. Halk teatrynyň baýry işgärleriniň biri Astangeldi Jomartowyň edebi esasyny ýazan we sahnalaşdyran «Syrly bilezik» spektaklynyň welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan yglan edilen bäsleşikde baş baýraga mynasyp bolandygyny etrap medeniýet bölüminiň müdiri Allanazar Ýazjumaýew buýsanç bilen gürrüň berýär. Teatryň maşgala agzybirligini, päk söýgini, ýaşuly we ýaş nesilleriň arasyndaky gatnaşyklary teswirleýän «Döwletli döwran» spektaklynyň hem welaýat bäsleşiginde birinji orna mynasyp bolmaklygy-da aktýorlaryň we höwesjeň artistleriň teatr sungatynyň inçe syrlaryna aralaşyp bilýändiklerine şaýatlyk edýär.

Agamyrat SOLTANOW.