Bagtyýar çagalaryň bäsleşigi

26 Fewral 2024
411

Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Bilim ministrligi bilen bilelikde tassyklan düzgünnamasy esasynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synpynda okaýan gyzjagazlarynyň arasynda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2024» atly bäsleşik yglan edildi.

Ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdepde bu bäsleşigiň Bagtyýarlyk etrap tapgyry geçirildi. Bu ýerde etrabyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlary özara bäsleşdiler. Onda zehinli çagalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Soňra bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlar milli egin-eşiklerini geýip, olary şahyrana sözler bilen wasp etdiler. Şeýle hem gyzjagazlar ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde bäsleşdiler.

Bibigözel AÝYMOWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň bölüm müdiri.