Berkararlyk owazlary

28 Fewral 2024
265

Ýakynda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň guramagynda «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Oňa Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, şeýle-de medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar.

Baý many-mazmuna eýe bolan maslahatda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda halk bilen häkimiýetiň jebisligini üpjün etmek, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn kämil jemgyýeti kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda taryhy özgertmeler amala aşyrylyp, uly üstünliklere ýetilýär. Maslahatda çykyş edenler bular barada giňişleýin gürrüň etdiler. Berkarar Watanymyzy, bagtyýar zamanamyzy wasp edýän aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy maslahata özboluşly öwüşgin çaýdy.

Ýörite habarçymyz.