Uly dünýäniň bilbili

24 Fewral 2024
374

Çagalykda gözüňde galan keşpler, gulagyňda ýaňlanan owazlar hakydada hemişelik siňýän bolarly. Heniz mekdep ýaşyna ýeten oglanjykkam, teleýaýlymda berilýän «Köne güzer» atly aýdym-sazly gepleşigi ünsli diňleýärdim. Halypalaryň ökdelik bilen ýerine ýetirýän aýdymlary çaga kalbymda medeniýete we sungata höwesi artdyrdy. Türkmenistanyň halk artistleri Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Aýdogdy Gurbanow, Ata Ilamanow, Atageldi Garýagdyýew ýaly ussatlaryň aýdymlary ýaňlananda, kalbym ganatlanardy. Haçan-da Medeniýet Şahberdiýewa aýdym aýdanda, onuň belent owazy gözelligiň mukamy bolup, göwnüňi göterýärdi.

Men öz käbämden bu ussadyň aýdymlary hakda sorap ugradym. Ejem: — Oglum, Medeniýet «Dünýäň saýrak bilbili» adyna eýe aýdymçy. Ol aýdym aýdanda, göýä Erem bagynda şeýda bilbil nagma kakýan ýalydyr — diýerdi. — «Soloweý» (Bilbil) aýdymy bilen dünýä çykdy. Soýuz döwründe bu aýdymy belent sesli aýdymçylaryň onlarçasy ussatlyk bilen ýerine ýetirenem bolsa, olar Medeniýet Şahberdiýewanyň derejesine, owazyň içinden owaz alşyna, heňiň içinden üýtgeşik heň alşyna haýran galýardylar. Halypa bu aýdymy aýtmazyndan öň bagdaky bilbilleriň hoş owazyny diňläp, gül-gunçalaryň görkünden ruhlanyp sahna çykar eken. Haçan-da halypa «Bilbil» bolup joşýarka, Hakyň nazar salan türkmen sährasy, bag-bakjalarda saýraşýan ajaýyp bilbilleriň hoş owazy göz öňüňde janlanýar. Aýdymçy bu aýdymyň üsti bilen tebigat gözelligini dürli halklaryň dillerinde ussatlarça wasp edýär, özi-de türkmen ruhy bilen.

Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMEDOW,
Murgap etrabynyň Deňizhan şäherçesiniň kitaphanasynyň kitaphanaçysy.